Sepleriň elýeterliligi

Dagystan: Polisiýa ofiseri maşgalasynyň ýanynda öldürildi


Dagystanyň paýtagty Mahaçkala

Dagystanyň paýtagty Mahaçkala

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda Dagystanda hüjümçiler polisiýa ofiserini aýalynyň we iki çagasynyň alnynda atyp öldürdiler.

Dagystanyň resmileriniň 3-nji iýunda aýtmagyna görä, azyndan iki adam polisiýa ofiseriniň Aşaga-Stal obasyndaky öýüne gije baryp, ot açypdyr.

Polisiýa ofiseri okdan wepat bolansoň hüjümçiler gaýdypdyr.
Ýerli kanun goraýjy resmiler hüjümçileri ele salmak boýunça operasiýa başladylar.

Dagystan Demirgazyk Kawkazda yslam döwletini döretmek isleýän ýaragly jenaýatçy toparlaryň we söweşijileriň zorlugynyň merkezine öwrüldi.

Polisiýa, žurnalistler we hökümet resmileri hüjümlere ýygy-ýygydan sezewar edilýärler.

XS
SM
MD
LG