Sepleriň elýeterliligi

BMG: YD Yragyň, Siriýanyň daşynda raýatlary öldürýär


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahaty

BMG-niň hasabatynda “Yslam döwleti” (YD) toparynyň Yrakda we Siriýada gözegçilik edýän giňişlikleriniň daşynda parahat ýaşaýjylara hüjüm etmek we olary öldürmek bilen bagly hereketleriniň täze tapgyryna girişendigi aýdylýar.

Hasabatda soňky alty aýyň dowamynda YD 11 ýurtda hüjümleri maliýeleşdirdi ýa-da gurnady we 500-den gowrak adamy öldürdi diýilýär. Agzalan ýurtlaryň arasynda Orsýet, Pakistan, Bangladeş, Belgiýa, Müsür, Fransiýa, Germaniýa we beýlekiler sanalyp geçilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 2-nji iýunda ýaýradylan bu hasabatda Siriýadan we Yrakdan gaýdan hakyna tutulan adamlaryň sanynyň köpelmegi barada habar berildi. YD topary Siriýada we Yrakda soňky wagtda şowsuzlyga duçar boldy we ençeme giňişligi elden berdi.

Noýabr aýynda Parižde we mart aýynda Brusselde bolan hüjümler söweşiji toparyň Siriýadan gaýdyp baran daşary ýurtly söweşijileriň gatnaşmagynda “çylşyrymly, köp tapgyrlaýyn hüjümleri gurnamak ukybyny” görkezdi, diýlip hasabatda bellenýär.

XS
SM
MD
LG