Sepleriň elýeterliligi

Gresiýada 700 migranty alyp barýan gämi agdaryldy


Ortaýer deňzinde halas edilen bosgunlar, 10-njy mart, 2016.

Ortaýer deňzinde halas edilen bosgunlar, 10-njy mart, 2016.

700 migranty alyp barýan gämi 3-nji iýunda Gresiýanyň Krit adasynyň golaýynda agdaryldy.

Migrasiýa boýunça halkara guramasy (IOM) 250-den gowrak adamyň halas edilendigini, ýene ýüzlerçe adamyň gözlenýändigini aýtdy.

Guramanyň beýannamasynda bellemegine görä, tassyklanan adam pidalary “Gresiýanyň suw giňişliginde aprel aýyndan bäri ilkinji adam heläkçiligi bolar”.

Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň arasynda mart aýynda gelnen gapma-garşylykly ylalaşyk Gresiýa barýan migrantlar akymyny çürt-kesik azaltdy.

205 müňden gowrak migrant we bosgun şu ýyl Ortaýer deňzini kesip Ýewropa aşdy.

Olardan dörtden üç bölegi esasan bosgunlar bolup, Siriýada we Owganystanda konfliktlerden gaçyp mart aýyndan öň Gresiýa aşypdy.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň maglumatyna görä, 376 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG