Sepleriň elýeterliligi

Owganystan, Hindistan dostluk bendini açdy


Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hyrat welaýatyna geldi.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Hyrat welaýatyna geldi.

Eýran bilen serhetde 1976-njy ýyldan bäri gurulýan Owganystan-Hindistan dostluk bendi açyldy. Bu bent Hindistanyň kömegi bilen, 300 million dollara guruldy.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi 4-nji iýunda, 42 megawat elektrik bilen üpjün etjek, 75 müň gektar ekerançylyk ýerini suwarjak proektiň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Owganystana geldi.

Hindi premýeri özüniň uruşdan tozan Owganystany gaýtadan gurmak işine berlendigini gaýtalady.

Owganystan soňky ýyllarda, goňşy Pakistan bilen deňagramlylygy saklamak üçin, Hindistan bilen gatnaşyklaryny ýygjamlatdy. Kabul Yslamabady pitneçiligi goldamakda aýyplaýar.

Owgan we hindi inženerleri tarapyndan bilelikde taslanan proekt graždan urşy zerarly togtadyldy.

XS
SM
MD
LG