Sepleriň elýeterliligi

NATO generaly: Trampyň sözleri Putine peýda


general Petr Pawel

general Petr Pawel

NATO-nyň Ýaragly güýçler komitetinň başlygy, general Petr Pawel respublikan partiýanyň prezidentlige kandidaty Donald Trampyň ýaranlyk baradaky tankydy pikirlerini, köneçillik hökmünde, ýazgaryp çykyş etdi.

"[Rus] prezidenti [Wladimir] Putin we ýene käbirleri bu çemeleşmeden hoşal bolup hem biler” diýip, Pawel 3-nji iýunda «Roýters» bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Bu hili çemeleşmäni saýlap almak uly ýalňyşlykdyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tramp onlarça ýyl ýaşy bolanwe esasan ýewropa ýurtlaryndan durýan NATO ýaranlygyny«möwritini geçiren» diýip tankytlady we onuň Birleşen Ştatlara gymmat düşýändigini, sebäbi beýlekileriň özlerine düşýän paýy ýeterlik tölemeýändigini aýtdy.

Çeh generaly Pawel bu hili beýanatlaryň peýdasynyň ýokdugyny belledi.

XS
SM
MD
LG