Sepleriň elýeterliligi

Polşa täze 35 müňlük goşun düzýär


Antoni Macierewicz

Antoni Macierewicz

Polşa, Orsýet bilen dartgynlyk zerarly, berk harbylaşdyrylan güýç döretmek üçin, sentýabrda täze 35 müňlük goşun toplajakdygyny aýdýar.

Goranmak ministri Antoni Macierewicz 2-nji iýunda bu goşunyň komanda gurluşyna we uly wezipelerine bellenmeli adamlar barada eýýäm karara gelnendigini aýtdy.

Bu goşunyň ilkinji pursatda ýerleşdiriljek ýerleri gündogar welaýatlar, ýagny rus basyşynyň has güýçli bolup biljek ýerleri bolar.

Harby tälim berlen asuda adamlary hem içine alýan goşun, resmileriň sözlerine görä, «gibrid urşuna» garşy durmak üçin döredilýär.

Günbatar resmileri Orsýetiň Krym ýarymadasyny ele geçirmek üçin şeýle uruş usulyny ulanandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG