Sepleriň elýeterliligi

'Fransiýada gurnalmaly hüjümiň' ýaraglary tutuldy


Ukrain-Polýak serhedi

Ukrain-Polýak serhedi

Ukrain serhet goragçylary ýarag we partlaýjy ýükli fransiýalynyň maýyň aýagynda ukrain-polýak serhedinde tussag edilendigi baradaky metbugat habarlaryny tassyk etdi.

Ol ýaraglar, aýdylmagyna görä, Fransiýada gurnalmaly hüjümde ulanylmaly eken.

Fransiýanyň M6 neşiri 3-nji iýunda 25 ýaşly adamyň ukrain serhetçileri tarapyndan saklanandygyny, onuň maşynyndaky ýarag ýüküniň içinde partlaýjylaryň, raketa atyjylaryň we Kalaşnikow awtomatlarynyň bolandygyny habar berdi.

Ukrain serhetçileriniň sözçüsi Oleh Slobodyan 4-nji iýunda bu aýdylýanlary tassyk etdi.

«Roýters» habar gullugynyň maglumatyna görä, ol adam şindi hem Ukrainda saklanylýar. M6 neşiri onuň Parižde hüjüm gurnamagy planlaşdyrandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG