Sepleriň elýeterliligi

Ýuliýa Serebrýannik: Umyda sen bar zady dogry etdiň!


Ýuliýa Serebrýannik

Ýuliýa Serebrýannik

Goşun gullugyndaky ogluny goramaga synanyşandan soň urlup-ýenjilen we üstüne kislota sepilip ýaralanan daşoguzly ene Umyda Jumabaýewanyň ýagdaýy ençeme adaty adamda täsir galdyrdy.

Umyda Jumabaýewa

Umyda Jumabaýewa

Türkmenistanda ençeme ýylyň dowamynda tutuş maşgalasy bilen türkmen häkimiýetleriniň yzarlamalaryna sezewar bolan Ýuliýa Serebrýannik Umydanyň düşen ýagdaýynyň özüne ýetiren täsiri barada pikirini beýan edip, şeýle-de öz şahsy duýgudaşlygyny bildirip, açyk hat bilen çykyş etdi. Onuň adamsy tanymal türkmen atşynasy Geldi Kärizow, gyzy Sofiýa we aýal doganlary Türkmenistanda birnäçe ýyllap yzarlamalara we basyşlara sezewar bolansoň, ol geçen ýylyň güýzünde maşgalasy bilen Türkmenistanyň daşyna çykdy.

Azatlyk Radiosy Umyda Jumabaýewanyň ýagdaýy barada Ýuliýa Serebrýannik bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýuliýa, türkmen jemgyýetinde agyr güne düşen adamlara köpçülikleýin goldaw bildirmeklik köp bir duş gelmeýän ýagdaý. Siziň ogluny gorap çykyş eden we zorluga sezewar bolan zenan Umydany goldamagyňyza näme itergi berdi?

Ýuliýa Serebrýanik: Birinjiden, şeýle ýagdaýlary meniň özümem başdan geçiripdim. Umydanyň häzir başdan geçirýän duýgulary hasam agyr, sebäbi ol fiziki zuluma sezewar edildi. Aýylganç hüjüme duçar boldy. Bu akyla sygmajak bir ýagdaýdyr. Meniň özüm lukman bolamsoň, şol zenanyň häzir nähili ejir çekýändigine doly göz ýetirýärin.

Bu ýagdaýda dymyp bolmaýar. Umydanyň ýagdaýynyň Türkmenistanda ýaşyrylýandygyny çak etmek mümkin. Onuň halyndan diňe goňşularynyň, belki-de käbir garyndaşlarynyň habarly bolmagy mümkin. Ýöne habarly bolan adamlar hem, kömek bermek isleseler-de, hiç zat edip bilmeýärler. Şeýlelikde, bu zenan ýeke galýar, adamsy we ogly, ýagny öz maşgalasy bolaýmasa, onuň goldaw tapjak ýeri ýok. Men muny öz tejribämden hem bilýärin. Güýç edaralary ara düşýärler we adamlary gorkuzýarlar. Netijede agyr güne düşen adamlar we olaryň ýakynlary hereket etmek ýa-da kömek bermek mümkinçiliginden mahrum bolýarlar. Olar işini ýitirmek, jaýyny elinden aldyrmak ýaly töwekgelçiliklere sezewar edilýärler. Şeýdip köpler öz hakyny talap etmekden el çekýärler.

Hut şeýle ýagdaýda, Umydanyň öz başyna geljek kynçylyklardan öňünden habarly bolsa-da, öz çagasyny goramak üçin janyny töwekgellige salmaga mejbur bolandygyny gördük.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, Türkmenistanda özlerini goramak, hukugyny talap etmek ugrunda hereket etmäge synanyşýan adamlaryň süteme sezewar bolmagynyň esasy sebäbi näme?

Ýuliýa Serebrýanik: Meniň pikirimçe, bu ýokardan aşaga çenli ýurt resmileriniň eden-etdilige baş goşmagynyň netijeleri. Olar raýatlaryň, ýaşlaryň arasynda zehinleriň döremegine we orta çykmagyna gyzyklanma bildirmeýärler. Häkimiýetler eden-etdilige garşy çykan adamlary halamaýarlar. Olar öz isleglerine garşy çykan adamlary, başgalara-da sapak bolar ýaly, jezalandyrýarlar. Öz ýeriňi bil, sesiňi çykarma diýýärler.

Azatlyk Radiosy: Ýuliýa, Umyda bilen duşuşmaga mümkinçiligiňiz bolan ýagdaýynda siz oňa häzir näme diýerdiňiz?

Azatlyk Radiosy: Men oňa birinji nobatda saglygyny dikeltmäge ýardam berjek bolardym we ruhy goldaw bildirerdim. Häzirki wagtda onuň ýanyna barýanlaryň “sen näme üçin beýtdiň, näme üçin herekete girişdiň?” diýýänlerini göz öňüme getirýärin, sebäbi hut meniň özüme-de daşymdaky adamlar köplenç şeýle diýýärdiler. Men oňa “ýan berme! Sen bar zady dogry etdiň!” diýerdim. Üstesine, mümkinçilik bolsa, Umyda kömek bermek, onuň saglygyny, görküni dikeltmek üçin pul toplamagy gurnap bolsa gowy bolardy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG