Sepleriň elýeterliligi

Zähmet migrantlarynyň dynç almak mümkinçilikleri


Dynç almaga barýan türkmen maşgalasy

Dynç almaga barýan türkmen maşgalasy

Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň iň köp ýerleşen ýurdy bolup, käbir çaklamalara görä, bu ýurtda 40 müňe golaý türkmenistanly zähmet migranty ýaşaýar.

Şol migrantlaryň aglabasynyň kanuny statusy bolmansoň, olar köp halatlarda resmi däl ýagdaýlarda işleýärler we olaryň hak-hukuklarynyň goraglylygy barada hiç hili kanuny kepil ýok.

Şeýlelikde, tomusky dynç alyş möwsümi başlan häzirki pursatda “Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň dynç alyş şertleri nähili?” diýen sorag döreýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýede işleýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň dynç alyş şertlerine bagyşlady.

Söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikir-tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, sizden hoşal bolardyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG