Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý dawaly territoriýa eýe çykýar


Eýarnyň daşary işler ministri Hossein Dehkan (S) hytaý admiraly Sun Jianguo (Ç) bilen duşuşýar. Tähran, 15-nji oktýabr, 2015 ý.
Eýarnyň daşary işler ministri Hossein Dehkan (S) hytaý admiraly Sun Jianguo (Ç) bilen duşuşýar. Tähran, 15-nji oktýabr, 2015 ý.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileriniň Pekin bu töweregi «harbylaşdyrmagy» dowam etse, izolýasiýauçrar diýen sözlerinden soň, Hytaý Gündogar Hytaý deňziniň dawaly territoriýasy babatdaky özygtyýarlygyny gaýtadan tassyklady.

Hytaý admiraly Sun Jianguo 5-nji iýunda Singapurda guralan howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip: “Biz galmagal-gowga turuzmaýarys, emma gowgadan hem gorkmaýarys» diýdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bir gün öň, goňşulykdaky Mongoliýa sapar edende, Pekin Gündogar Hytaý deňziniň ýokarsynda howa-gorag anyklaýyş zonasyny gurmak planlaryny dowam etdirmeli däl diýdi. Ol munyň «prowokatiw we durnuksyzlaşdyryjy» boljakdygyny aýtdy.

Hytaý 2013-nji ýylda Gündogar Hytaý deňziniň üstünde gapma-garşylykly ADIZ, howa-gorag anyklaýyş zonasyny döretdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter hem şol gün Birleşen Ştatlar Aziýa howpsuzlygynyň kepillendirijisi bolup galmak isleýär diýdi.

Hytaýyň Günorta Hytaý deňzindäki hereketleri Ýaponiýa, Hindistan, Wetnam, Taýwan we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryň aladaly beýanat etmeklerine sebäp boldy.

Hytaý tasdan tutuş deňze eýe çykmakçydygyny aýdýar, emma Bruneý, Malaýziýa, Filippinler, Taýwan, Wetnam hem deňziň käbir böleklerine eýe çykýar.

Bu deňiz arkaly her ýylda trillion dollara barabar söwda edilýär.

XS
SM
MD
LG