Sepleriň elýeterliligi

Parižde durmuş kadalaşýar


Parižde. Sil basan ýerden barýan adam. 2-nji iýun, 2016 ý.

Parižde. Sil basan ýerden barýan adam. 2-nji iýun, 2016 ý.

Fransuz paýtagty Parižde, Sena derýasynyň joşmasynyň peselmeginiň dowam etmegi bilen, durmuş ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşýar.

Tebigaty goramak ministrligi 4-nji iýunda ýagyş zerarly dolup-daşan derýanyň suwunyň 6.1 metr bolanlygyndan 5.77 metre aşaklandygyny aýtdy.

«The Grand Palais» sergi zaly gaýtadan açylýar, Luwr, Orsaý muzeýleri we we beýleki käbir ýerler soňky 30 ýyldaky iň güýçli sil zerarly ýapyklygyna galýar. Olar gelýän hepdäniň aýagynda açylar öýdülýär.

Suw joşmalary sebäpli Parižden we Loire deresinden 20 müňden gowrak adam ewakuasiýa edildi. Sil zerarly çekilen ýitginiň möçberi 600 million ýewro ($680 million) çenli ýeter öýdülýär.

XS
SM
MD
LG