Sepleriň elýeterliligi

Logar: suda edilen hüjümde 7 adam öldürildi


Logar hşkimiýetleri metbugat ýygnagynda, 5-nji iýun, 2016 ý.

Logar hşkimiýetleri metbugat ýygnagynda, 5-nji iýun, 2016 ý.

Gündogar Owganystanda suduň jaýyna edilen hüjüm netijesinde prokuraturanyň başlygy we ýene azyndan alty adam öldürildi.

Logar welaýatynyň polisiýa başlygynyň orunbasary Nesar Ahmad Abdul Rahimzai 5-nji iýundaky hüjümi amala aşyran üç sany ýaraglynyň hemmesiniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini aýtdy.

Puli Alimdaky suda edilen hüjüm täze bellenen baş prokuror Akram Nejadyň jemgyýetçilige tanyşdyrylýan wagtynda boldy.

Bu hadysada 19 adamyň ýaraly bolandygy habar berildi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

Geçen aý sud edilen alty jeňçi, şol sanda dört sany «Talyban» agzasy jezalandyrylyp öldürileninden soň, jeňçiler sud resmilerini nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG