Sepleriň elýeterliligi

Şaýy milisiýasy, maşgalalar çykmasa, Falluja zabt etmez


 Hadi al-Amiri

Hadi al-Amiri

Yragyň Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy milisiýasy Falluja diňe asuda adamlar şäheri terk edeninden soň zabt etjekdigini aýdýar.

"Biz ol ýerde maşgalalar barka, Fallujanyň içine girmeris" diýip, şaýylaryň «Populýar mobilizasiýa» diýip bilinýän ýarym harby koalisiýasynyň iň uly fraksiýasynyň başlygy Hadi al-Amiri aýtdy.

Amiri bu sözleri 4-nji iýunda, Bagdatdan 50 km günbatarda ýerleşýän Fallujanyň daşynda žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Falluja Yrakda “Yslam döwleti» toparynyň 2014-nji ýylyň ýanwarynda basyp alan ilkinji şäheridir.

Amiri geçen hepde milisiýanyň Fallujany gabamaga gatnaşjakdygyny, emma şähere girmegi yrak goşunynyň özüne goýjagyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG