Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pars nakyllary


"Kelileh we Demnehh" manuskriptiniň nusgasy.

"Kelileh we Demnehh" manuskriptiniň nusgasy.

Ynsan paýhasynyň çägi ýok. Aň-bilim hem medeni ösüş halklar arasyndaky ortalyk baýlyk saýylýar. Ol serhetlerden aşýar, ýurduň çäginden çykýar. Ondan her millet, her adam özleşdirip bilenini alýar.

Şahyrana dil

Pars dili dünýäniň şahyrana dillerinden biri. Munuň ençeme taryhy sebäpleri bar.

Owaly bilen ol örän gadymy dil. Şonuň bilen birlikde, köp ýurtlara ýaýrapdyr. Ol köp medeniýetiň hem taryhyň ösüşi bilen baglanyşykly bolupdyr. Ençeme ýurtlar pars dilini döwlet dili hökmünde peýdalanyp geldiler.

Şeýle mümkinçiligi nazara alan şahyrlar hem dörediji işgärler öz eserlerini şu dilde döretmäge çalyşdylar. Bu bolsa pars diliniň kämilleşmegine hem giňemegine getirdi. Yzygider baýlaşdy hem ösdi.

Baglanyşyk

Türki, şol sanda türkmen dili parsçadan düýpli tapawutlanýar. Bularyň aslynda gelip çykyş kökleri-de aýry. Muňa garamazdan, iki diliň arasynda mydama berk medeni gatnaşyk bolupdyr.

Bu täsirleri biz nusgawy edebiýatda aýdyň görýäris. Türki hem türkmen dilinde eser döreden şahyrlar pars dilindäki medeni mirasdan köp nusga alypdyrlar.

Türki dilli medeniýetiň düýbüni tutujy hem ony esaslandyryjy, 11-nji asyrda ýaşap geçen Ýusup Has Hajyp Balasaguny özüniň “Kutadgu Bilig” diýen ajaýyp eserinde şeýle diýipdi.

Arapça-täjikçe kitaplar öküş (köpdür),

Biziň tilimizçe bu ýumgy ukuş (başlangyç).

Nakyllar

Halk döredijiliginiň dürdänesi saýylýan nakyllar hem atalar sözi adam akylyny baýlaşdyrýan esasy serişde saýylýar.

Pars hem türkmen dilindäki nakyllara seretsek, olaryň arasyndaky çuň baglanyşygy görýäris. Köplenç şol bir pikir iki dilde hem gelýär.

Şol wagtyň özünde medeniýet milli häsiýete-de eýe. Bu bolsa olaryň arasyndaky aýratynlygy görkezýär.

Şu ýerde biz pars diline häsiýetli bolan nakyllary getirýäris.

Pars nakyllary

Adam adamçylygy bilen gözel.

Akan suw yzyna gaýtmaz.

Aly saýan kişiňe Osman diýip ýüzlenme.

Behişt anjada, rahat tapan ýeriňde,

kişiniň kişä azary ýok wagtynda.

Bilal öleni bilenem azan aýdan tapylar.

Bir ýaltada kyrk weziriň akyly bar.

Bu döwrüň adamyna salam berip, aman gaç.

Derýa tersine akýar, gurbaga aýdym aýdýar.

Doganlar jenjel ederler, samsyk oňa ynanar.

Duşmanyňdan bir gezek, dostuňdan müň gezek gork.

Erkegiň balagynyň sany ikä ýetse, täzeden öýlenmek aladasyny eder.

Garaşmak ölümden ýaman.

Gedaýa bir döwüm nan berdiňem bir, aldyňam.

Göwreliligi ýaşyryp bolar,

dogranyňy ýaşyryp bolmaz.

Iň ýamany ýogudyr.

Itiň üýreni buluda ýetmez.

Iýeniňde öz isleýşiň ýaly iý,

geýneniňde illeriň isleýşi ýaly geýin.

Kepeni ýok, şonuň üçin diri gezip ýör.

Köp hünärli aç galar.

Müşk ysy pynhan bolmaz.

Nagt söwdadan müşk ysy geler.

Öwgi akmagyň hoşuna.

Pyşyrdy şeýtanyň emeli.

Türke türkçe jogap ber.

– Ýalta, geç kölegä!

– Kölegäniň özi geler.

Ýel yzyny ýagyş alar, degişme soňuny darkaş.

Ýüp bilen asmana çykyp bilmersiň.

Ýylanyň aýagyny, garynjanyň gözüni, mollanyň duzuny gören ýokdur.

Taýýarlan hem terjime eden Hudayberdi Hally.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG