Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Mekdep awtobusynda 14 adam wepat boldy


Türkiýäniň Osmaniýe regiony
Türkiýäniň Osmaniýe regiony

Türkiýäniň günortasynda mekdep okuwçylaryny, olaryň ene-atalaryny we mugallymlary alyp barýan awtobusyň kanala gaçmagy zerarly azyndan 14 adam wepat boldy, diýip resmiler 6-njy iýunda aýtdylar.

Bu pajygaly waka 5-nji iýunda agşam günorta Osmaniýe regionynda milli parka we muzeýe syýahat eden çagalar awtobusly yzyna barýarka ýüze çykdy, diýip ýerli häkim Kerem Al aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sürüji ulaga gözegçiligini ýitiripdir we häzirki wagtda derňew alnyp barylýar. Sürüjiniň we onuň kömekçisiniň heläkçilikde wepat bolandygyny, “Hurriýet” gazeti ýazýar.

Saglyk resmileriniň aýtmagyna görä, 26 adama keselhanada medisina kömegi berlipdir we azyndan bir adamyň ýagdaýy agyr .

Awtobusda heläkçilige uçran çagalar Hataý welaýatynyň Iskenderun şäherçesinden.

XS
SM
MD
LG