Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda ABŞ-nyň žurnalisti, terjimeçi wepat boldular


ABŞ-nyň milli jemgyýetçilik radiosynyň (NPR) fotožurnalisti Dawid Gilkey, Gandagar howa bazasy, 29-njy maý, 2016
ABŞ-nyň milli jemgyýetçilik radiosynyň (NPR) fotožurnalisti Dawid Gilkey, Gandagar howa bazasy, 29-njy maý, 2016

ABŞ-nyň milli jemgyýetçilik radiosynyň (NPR) žurnalisti we owgan terjimeçisi günorta Owganystanda iş wagtynda wepat boldular.

Baýraklar bilen sylaglanan suratçy we wideo redaktor Dawid Gilkey we onuň terjimeçisi Zabihullah Tamanna 5-nji iýunda Helmand welaýatynyň Marjan obasynyň golaýynda owgan goşunynyň düzüminde syýahat eden wagtynda öldürildi.

NPR-yň beýannamasynda aýdylyşyna görä, olar bilen syýahat eden beýleki iki žurnaliste zeper ýetmändir.

NPR-iň täzelikler boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Mihael Oreskes Gilkeýiň Yrakdaky we Owganystandaky uruşlar barada habar bermek işini alyp barandygyny aýtdy.

50 ýaşly Gilkey abraýly George Polk baýragyna we milli Emmy baýraklaryna eýe bolupdy, Şeýle-de ol 2015-nji ýylda Edward R. Murrow baýragyna eýe bolan ilkinji multimedia žurnalistidi.

38 ýaşly Tamanna Ksinhua we Türkiýäniň Anadoly täzelikler agentliklerinde ştatdan daşary habarçy bolup işleýärdi.

XS
SM
MD
LG