Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iordaniýada bäş howpsuzlyk ofiseri wepat boldy


Iordaniýaly esgerler
Iordaniýaly esgerler

Iordaniýanyň paýtagty Ammanda howpsuzlyk edarasyna edilen ýaragly hüjümde aňtaw gullugynyň üç ofiseri we howpsuzlyk gullugynyň iki wekili wepat boldy, diýip hökümet resmileri 6-njy iýunda aýtdylar.

Iordaniýanyň telewideniýesi we döwlete tarapdar Al-Rai gazeti bu ýagdaýy “terrorçylykly” hüjüm hökmünde häsiýetlendirdiler.

Hökümetiň metbugat-wekili Mohammad al-Momaniniň sözlerine görä, hüjümçiler aňtaw gullugynyň 70 müň palestinaly bosgunyň ýerleşýän ýeri bolan Bagaa lagerindäki ýerli bölümine zarba urupdyrlar.

Umuman durnukly ýurt bolan Iordaniýa konfliktleri başdan geçirýän Yrak we Siriýa bilen goňşy.

Howpsuzlyk güýçleri 2014-nji ýylda täsirini artdyran “Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist toparynyň tarapdarlaryna basyş görkezýärler.

Mart aýynda Iordaniýanyň häkimiýetleri YD toparynyň hüjüm etmek bilen bagly dildüwşüginiň üstüni açandygyny yglan etdiler.

YD toparynyň ençeme tarapdary şu ýylyň başynda Irbid şäherinde geçirilen operasiýanyň netijesinde öldürildi.

XS
SM
MD
LG