Sepleriň elýeterliligi

Fallujanyň golaýynda köpçülikleýin mazaryň üsti açyldy


Hökümet güýçleriniň Fallujany eýelemek ugrunda harby hereketleri alyp barýan ýeri, Saglawiýah, 2-nji iýun, 2016

Hökümet güýçleriniň Fallujany eýelemek ugrunda harby hereketleri alyp barýan ýeri, Saglawiýah, 2-nji iýun, 2016

Yrak resmileri hökümet güýçleriniň Falluja şäherini “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň elinden almak boýunça çäreleriň dowamynda şäheriň golaýynda bir ýerde 400 çemesi adamyň jaýlanan umumy mazarynyň üstüni açandygyny aýtdylar.

5-nji iýunda ady görkezilmedik howpsuzlyk çeşmelerine salgylanylyp habar berlişine görä, Yragyň hökümet güýçleri Fallujanyň demirgazyk-günbatar etegindäki Saglawiýah atly ýerde guburyň üstüni açypdyr.

“Jesetleriň aglabasy YD söweşijileri tarapyndan tutulan we öldürlen harbylara degişli”, diýip harby resmi adynyň agzalmazlyk şerti bilen DPA agentligine aýdypdyr.

Anbar welaýatynyň geňeşiniň agzasy Rajeh Barakat guburyň tapylmagy barada maglumaty AFP agentligine tassyklap “şeýle-de köpçülikleýin guburda dürli sebäplerden, içalyçylykda aýyplanan ýa-da guramanyň düzgünlerini bozandygy üçin jezalandyrylan raýatalary hem öz içine aýar” diýdi.

XS
SM
MD
LG