Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä brendleri, kompaniýalary, adam hukuklaryny goraýjylar Berdimuhamedowa aladalanma bildirdiler


Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda işleýän ýaş çagalar.
Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda işleýän ýaş çagalar.

Dünýäniň belli söwda brendleri, şol sanda “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, şeýle-de sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekili Türkmenistanyň prezidentiniň adyna hat ýolladylar.

Hatyň awtorlary Türkmenistanyň gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlara aladalanma bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu meselä üns bermegini soradylar.

“Tekstil we tikinçilik pudagyndaky üstünlik söwda brendiniň abraýyna-da bagly bolýar. Bu harydyň diňe bir hili, stili we gymmatlygy bilen çäklenmän, eýse önümçilik prosesiniň jemgyýetçilik we ekologiki taraplaryny hem öz içine alýar. Kompaniýalar satlyga çykarylýan harytlarynyň, önümçilikden başlap tä söwda tekjelerine ýetýänçä, kanuny we adamkärçilikli görnüşde işläp taýýarlanylmagyna gyzyklanma bildirýärler” diýip, 25-nji maýda türkmen lideriniň adyna ugradylan hatda bellenilýär.

Aladalar

Hatda köp sanly kompaniýalaryň öz harytlarynyň önümçiliginde mejbury zähmetiň, gulçulygyň ulanylmandygyny kepillendirmek üçin dowamly hasabat bermek boýunça düzgünleriniň bardygyny aýdyp, “Kompaniýalar bular ýaly şertlerde öndürilen harytlary ýa-da önümleri ulanyp bilmeýärler” diýlip nygtalýar.

Hatyň awtorlary türkmen häkimiýetleriniň pagtanyň ekiş we ýygym döwri on müňlerçe döwlet işgärlerini we daýhanlary mejbur edip pagta meýdanlaryna çykarýandygy baradaky maglumatlara salgylanýarlar.

Olar adamlary mejbury işletmegiň Halkara zähmet guramasynyň 29-njy we 105-nji konwensiýalaryna garşy gelýändigini ýatladýarlar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, şu ýyl Halkara zähmet guramasy mejbury zähmetiň gerimine “çuňňur aladalanma” bildiripdi. Gurama bu ýagdaýyň daýhanlara, telekeçilere, döwlet we hususy pudagyň, şol sanda lukmanlaryň we mugallymlaryň işine-de ýaramaz täsir ýetirýändigine ünsi çekýär.

Saparmämmet Nepesgulyýew

Türkmen prezidentine ýollanan hatyň awtorlary ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagyny hasaba almak we bu barada maglumat bermek isleýän adamlaryň her dürli repressiýalara sezewar edilýändigi baradaky maglumatlar bilen bagly-da düýpli aladalanma bildirýärler.

Hatda geçen ýylyň iýunynda Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” proýektiniň habarçysy Saparmammet Nepesgulyýewiň tussag edilmegi hem ýokarky ýagdaýlara bir mysal hökmünde getirilýär. Ýatladyp geçsek, BMG-niň ”Eden-etdilikli tussag etmeler” boýunça iş topary Nepesgulyýewiň azatlykdan mahrum edilmeginiň eden-etdilikdigini, ýagny bikanun diýlip tapylandygyny habar beripdi.

Hatda Türkmenistandaky mejbury zähmetiň soňuna çykylmagy üçin G.Berdimuhamedowyň aşakdaky rekomendasiýalary bada-bat durmuşa geçirmegi soralýar, ýagny:

1) Ýurtda mejbury zähmeti gadagan edýän milli kanunlaryň işlemegini gazanmak. Şeýle-de ähli derejedäki emeldarlara pagda meýdanlaryna raýatlary mejbury ýagdaýda çekmek tejribesinden gaça durmaklary üçin görkezme bermek; bu görkezmeleri bozan resmileri jezalandyrmak.

2) Raýatlaryň, soňra özünden ar alynmagyndan howatyr etmän, adam hukuklarynyň berjaý edilişi we mejbury zähmet baradaky maglumatlary arkaýyn beýän edip bilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek.

3) “Pagta kampaniýasy” toparyna 2016-njy ýyldaky pagta ýygymynyň geçişine gözegçilik edip bilmegi üçin mümkinçilikleri döretmek.

4) Ýurduň pagta pudagynda reformalary geçirmek. Pagtanyň önümçiligi boýunça ýörite kesgitlenýän plany ýatyrmak. Bu plany dolup bilmedik daýhanlary we raýatlary jezalandyrmak tejribesinden el çekmek.

Hata gol goýan kompaniýalar we guramalar ýokarky agzalyp geçilen ýagdaýlar boýunça türkmen hökümeti bilen dialoga taýýardygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG