Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ÝOJ-laryň tölegli edilmegini teklip etdi


Türkmen talyplary
Türkmen talyplary

Turkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda okuwlaryň tölegli edilmegi baradaky pikiri orta atdy. 3-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatda prezident bu barada şeýle diýdi: “Talyplarymyzy tölegli esaslarda okatmaga geçmeli, eger-de bilimli we sowatly ýaşlar, ýagny ýokary derejeli hünärmenler bolmasa, onda döwletiň hiç hili gelejeginiň bolup bilmejekdigine hem biziň anyk düşünmegimiz zerur”.

Häzirki döwürde diňe teklip ýaly bolup eşidilýän bu pikir bilen bagly mundan beýläk nähili takyk ädimleriň ädiljegi we tölegli diýilýän okuwlaryň haýsy derejedäki bilim edaralaryny öz içine alýandygy we şol töleg sistemasynyň nähili boljagy barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Şeýle-de bu sistema haçan geçiljegi hakda hem takyk maglumat ýok. Emma bu pikir birnäçe wagtdan bäri gaýtalanyp gelinýän we şu güne çenli Türkmenistanda mugt berilýän käbir mugt hyzmatlaryň ýatyrylmagy baradaky gürrüňleriň yz ýany ýüze çykdy.

Mugt hyzmatlar

Türkmenistan garaşsyzlygyna gowşaly bäri ýurtda suw, elektrik tok, gaz we duz ýaly serişdeler ýyllaryň dowamynda halka mugt berlip, hökümet ýolbaşçylary bu ýagdaýy döwlet adam üçindir diýen şygaryň çäginde propagandirläp gelýärdiler.

Emma geçen ýyldan başlap mugt ýurtda berilýän zatlaryň möçberi göz-görtele azaldyldy. Hökümet bu çäreleriň ýurduň bazar ykdysadyýetine geçmek üçin edýän tagallalarynyň netijesidigini aýdýar.

Emma dünýäniň ykdysady ýagdaýlary, şeýle-de Türkmenistanda ädilýän käbir beýleki ädimlere nazar aýlananda, şeýle çäreleriň sebäbiniň reformadan has öte geçýändigini aýtmaga esas berýän ýagdaýlar hem göze ilýär.

Türkmenistan ykdysady girdejisi boýunça tutuşlygyna gaz pudagyna bil baglaýar. Soňky ýyllaryň dowamynda bolsa gazyň we nebitiň bahasy göz-görtele pese gaçdy, bu hem Türkmenistan ýaly ykdysady taýdan bu serişdä bil baglaýan ýurtlara ýaramaz täsirini ýetirdi.

Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda bu ýagdaýyň Türkmenistana hem täsir ýetirýändigini we şol sebäpden göz öňünde tutulýan planlary amala aşyrmakda päsgelçilikleriň döreýändigini aýdyp, şeýle diýdi: “Dünýä ykdysadyýetiniň örän haýal ösýändigini bellemek isleýärin, hünärmenler ösüşiň bu depgininiň pesdigini hem köp ýagdaýlarda töwekelçilikleriň täsirinden çykyp bilmeýändigini belleýärler. Dünýä ykdysadyýetine hem öňküsi ýaly çökgünlik bilen bagly ýaramaz ýagdaýlar täsir ýetirýär. Bu bolsa ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmakda belli bir derejede kynçylyklary döredýär”.

Döredi diýilýän kynçylyklaryň ýurduň haýsy pudagyna nähili täsir ýetirýändigi we bu täsiriň gerimi barada takyk maglumat berilmeýşi ýaly, mugt hödürlenýän hyzmatlary ýatyrmakdan başga hökümetiň nähili çäreleri görýändigi barada jikme-jik maglumat ýok.

Emma häzirki wagtda mugt zatlaryň arasyndan çykarylmagy teklip edilen hyzmatlaryň sanawyna bilim pudagynyň hem girizilmegi, ýurduň ykdysady ýagdaýynyň barha agyrlaşýandygyndan habar berýär. Munuň halka nähili täsir ýetirjegini bolsa wagt görkezer.

XS
SM
MD
LG