Sepleriň elýeterliligi

Gazak polisiýasy: Aktobede bäş ýaragly adam öldürildi


Aktobeniň köçelerindäki ýaragly adamlar.

Aktobeniň köçelerindäki ýaragly adamlar.

Gazak häkimiýetleri harby baza we ýarag satylýan iki dükana edilen we alty adamynyň başyna ýeten hüjümlerden soň polisiýanyň öten agşam ýene bäş sany ýaragly adamy öldürendigini, iki adamy hem tutandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrlginiň 6-njy iýunda çykaran beýannamasynda bellenmegine görä, "Aktobede ýagdaý durnukly. Söwda işleri we jemgyýetçilik gatnawy adatdakysy ýaly dowam edýär". 5-nji iýunda häkimiýetler yslamçy söweşijiler diýip güman edilýän adamlar tarapyndan gurnalan hüjümleriň "terrora garşy operasiýalara" sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Ondan öň hem Içeri işler ministrligi geçirilen operasiýalarda hüjümçileriň dördüsiniň öldürilip, ýedisiniň ele salnandygyny habar berdi.

Ýerli medianyň 6-njy iýunda bildirmegine görä, Aktobe, Almaty we Atyraw şäherlerinde, şeýle hem paýtagt Astanada ýarag satylýan dükanlar ýapylyp, olaryň golaýynda howpsuzlyk işgärleri ýerleşdirilipdir.

6-njy iýunda "Tengrinews.kz" Akobe şäherinde internetiň ýapylandygyny habar berdi. Bolan hüjümlerden bäri bu ýerde ýokary derejedäki hüşgärlik höküm sürýär.

Içeri işler ministrligi 5-nji iýunda bolan hüjümlerde hüjümçileriň bir garawuly we ýarag satylýan dükanyň bir işgärini öldürendiklerini aýtdy. Ol ýere baran üç polisiýa işgäri hem ýaralanypdyr.

Ýarag satylýan beýleki dükanda bolsa, howpsuzlyk işgärleri gelip, üç hüjümçini atyp öldürmezinden öň bir müşderi öldürilipdir.

Içer işler ministrliginiň beren malumatynda ýene bir topar hüjümçiniň bir awtobusy ogurlap, ony Milli gwardiýanyň bazasynyň derwezisine urduryp, üç ofiseri öldürendigi aýdylýar. Hüjümçileriň biri howpsuzlyk işgärleri tarapyndan atylyp öldürilipdir.

Ors serhediniň 100 kilomtrliginde ýerleşýän senagat şäheri Aktobe 2011-nji ýylda Gazagystanda bolan şuňa meňzeş wakada janyndan geçen hüjümçiniň ilkinji gezek özüni partladan ýeridir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG