Sepleriň elýeterliligi

Tutuş Sawud Arabystan şalygynda ýylyň dowamynda bazarlarda durgunlyk höküm sürenem bolsa, oraza aýynyň öňüsyrasynda ylaýta-da Mekge we Medine şäherlerinde bahalar galmaga başlapdyr. Ýöne tanymal goýun delalynyň biriniň aýtmagyna görä, bahalarda gymmatlaşyk ýüzden 10 göterimi geçmez.

Akram atly bir dellal, aslynda bu ýylky bahalaryň geçen ýyl bilen deňeşdirilende pesdigini öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, Sudandan "Sawakini" tohumyndan bolan goýunlaryň import edilmegi ýurtda bahalaryň ýüzden 20 peselmegine sebäp bolupdyr. "Sawakini" goýunlary 550-950 riýal ýagny 147 bilen 253 dollaryň arasynda satylýar.

Rafie Omar atly başga bir goýul delally bolsa, bu ýyl bahalaryň pese gaçmagyna garamazdan bazarda talabyň hem azdygyny belläpdir.

Alyjylar bolsa, mal delallarynyň oraza aýynda talabyň ýokarlanmagyny öz bähbidine öwürmek üçin goýunlaryň bahalaryny gymmatlanmagyndan howatyrlanýarlar.

Medinedäki goýun dellallary bolsa edil orazanyň öň ýanynda bahalaryň owalky orazalara görä gymmatlandygyny öňe sürýärler. Bahalar oraza iki gün galanda galýar.

Ali Marzouk Al-Kahtaniniň aýtmagyna görä, hökümet bazardaky düzgüni berk tutmaýandygy üçin goýun dellallarynyň talabyň birden artýan mahaly, ýagny orazada bahalary hasam galdyrmagyna mümkinçilik döreýär.

Nawaf Saud Al-Harbi bolsa, hökümetiň, ýerli häkimýetleriň, şäher häkimlikleriniň we söwda ministrliginiň bahalary jylawlamak üçin bazary derňemegini teklip edýär. Ol täjirlere we dellallara baýramlarda pursatdan peýdalanyp bahalary gymmatlatmaga mümkinçilik berilmeli däldigini nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG