Sepleriň elýeterliligi

Derňewçiler: MH17 uçaryň gaçan ýerinde 'Buk' raketasynyň bölegi tapyldy


Awstraliýanyň we Gollandiýanyň derňewçileri uçaryň gaçan ýerinde, Hrabowe obasy, 1-nji awgust, 2014.

Awstraliýanyň we Gollandiýanyň derňewçileri uçaryň gaçan ýerinde, Hrabowe obasy, 1-nji awgust, 2014.

Halkara derňewçileri Malaziýanyň howa ýollarynyň MH17 uçarynyň gündogar Ukrainada heläkçilige uçran ýerinde "Buk" raketasynyň bölegini tapdylar.

Gollandiýaly derňewçiler 2014-nji ýylda heläk bolan MH17 uçarynyň içinde 298 adamyň ölümine sebäp bolandygy aýdylýan "Buk" raketa sistemasy barada Orsýetden has köp maglumat isleýändiklerini aýdýarlar.

Günbatar we Ukraina "Buk" raketasyny orsýetçi separatistleriň atandygyny aýdýarlar.

Orsýet muňa garşy çykyp, MH17 uçaryny Ukrainanyň güýçleriniň atyp urandygyny aýdýarlar. “Boing 777” kysymly bu uçar Amsterdamdan Kuala Lumpura barýarka Ukrainanyň separatistleriň gözegçiligindäki giňişliginiň üstünden geçip barýan wagtynda urlup ýere gaçyryldy.

Geçen ýylda Gollandiýanyň Howpsuzlyk topary MH17 uçaryna Orsýetde öndürilen "Buk" raketasyndan zarba urlandygy barada netijä geldi, emma onuň kim tarapyndan atylandygyny mälim etmedi.

XS
SM
MD
LG