Sepleriň elýeterliligi

Stambulda partlamada azyndan 11 adam wepat boldy


Polisiýanyň awtobusyna bombaly hüjüm edildi, Stambul, 7-nji iýun, 2016.

Polisiýanyň awtobusyna bombaly hüjüm edildi, Stambul, 7-nji iýun, 2016.

Türkiýäniň häkimiýetleri Stambulyň merkezinde bolan bombaly hüjümde 11 adamyň wepat bolandygyny we 36 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Stambulyň häkimi Wasip Sahin wepat bolanlaryň arasynda ýedi sany polisiýa ofiseriniň bolandygyny aýtdy.

Habar berilişine görä, 7-nji iýunda irden adamyň köp wagtynda polisiýanyň awtobusy Stambul uniwersitetiniň we şäheriň taryhy merkeziniň duşundan geçen wagtynda partlaýjy gural herekete getirilipdir.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine hiç kim üstüne almady.

Kürdüstanyň işçi partiýasy 2015-nji ýylyň iýul aýyndan bäri polisiýany we harby bölümlere zarba urup gelýär.

“Yslam döwleti” atly topar hem Türkiýede bolan bombaly hüjümleriň birnäçesiniň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG