Gyrgyzystanyň Içeri işler ministri goňşy Gazagystandaky terrorçylykly hüjümler bilen baglylykda ýurtda ýokary hüşgärlik derejesiniň girizilendigini aýtdy.
“Ýurduň içeri işler edaralarynyň ähli işgärleri 2016-njy ýylyň 6-njy iýunyndan başlap, söweşe ýokary taýýarlyk derejesinde bolarlar” diýip, ministrligiň metbugat wekili 6-njy iýunda aýtdy.
“Terrorçy we ekstremist guramalar Gazagystan Respublikasynyň Aktobe regionynda öz hereketlerine başladylar” diýlip, ministrligiň maglumatynda bellenýär.
Maglumatda GDA guramasynyň hökümet baştutanlarynyň 6-7-nji iýunda Bişkekde geçiriljek duşuşygynyň dowamynda howpsuzlyk çäreleriniň üpjün edilmeginiň zerurlygy hem bellendi.
Gazagystanyň Içeri işler ministrligi 5-nji iýunda Aktobede iki ýarag dükanyna we harby bölüme “dinçi radikallar toparynyň” hüjüm edendigini aýtdy.