Sepleriň elýeterliligi

Aktobe: Hüjümiň pidalarynyň sany 19 adama ýetdi


Dikuçar şähere gözegçilik edýär, Aktobe, 5-nji iýun, 2016

Dikuçar şähere gözegçilik edýär, Aktobe, 5-nji iýun, 2016

Gazagystanyň häkimiýetleri dynç günlerinde Aktobe regionynda ýarag dükanlaryna, polisiýa we harby edara edilen hüjümler zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 19 adama ýetendigini aýtdylar.

Polisiýanyň metbugat wekili Almas Sadubaewiň 7-nji iýunda aýtmagyna görä, ölenleriň arasynda terrorçy bolmakda güman edilýän 13 adam, üç ýaşaýjy we üç harby gullukçy bar.

Ozalky maglumatlarda 12 hüjümçiniň atylyp öldürilendigi we onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilipdi.

Terrorçy bolmakda güman edilýän dört adam ýaralandy, sekiz adam tussag edildi we ýene ýedi adam gözlenýär, diýip Sadubaýew aýtdy. Ol Aktobede ýagdaýyň asudadygyny, jemgyýetçilik transportunyň kadaly işleýändigini, emma howpsuzlyk güýçleriniň ýokary taýýarlyk derejesinde saklanýandygyny belledi.

Resmiler hüjüme yslamçy söweşijileriň jogapkärdigini güman edýärler, emma hüjümiň sebäpleri nämälim galýar.

XS
SM
MD
LG