Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko futbol janköýerleri üçin Fransiýadan wiza sorady


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande (ç)
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (s) we Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande (ç)

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Fransiýanyň prezidentine ýüzlenip, Parižde geçjek “Ewro 2016” futbol ýaryşyna barmak isleýän ukrainaly futbol janköýerlere “wiza berilmeginde” ýardam sorady.

Poroşenkonyň edarasy Poroşenkonyň Fransua Hollanda şeýle çagyryş bilen 6-njy iýunda geçiren telefon söhbetdeşliginde ýüzlenendigini habar berdi.

Bir aýlap dowam edjek Ýewropanyň futbol ýaryşy 10-njy iýunda Parižde başlanýar.

6-njy iýunda on çemesi adam Fransiýanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň öňünde jemlenip, wiza berilmeginiň uzaga çekmegine protest bildirdi.

Protestçiler Fransiýanyň ilçisine gowşuran hatynda 100 çemesi adama wiza bermegiň ret edilendigini we 1000 çemesi adamyň henizem wiza garaşýandygyny bellediler.

XS
SM
MD
LG