Sepleriň elýeterliligi

Orsýet NATO-nyň harby maşklaryna garşylyk bildirdi


NATO-nyň "Anakonda-16" atly harby türgenleşiginiň başlangyç dabarasy, Polşa, 6-njy iýun, 2016.

NATO-nyň "Anakonda-16" atly harby türgenleşiginiň başlangyç dabarasy, Polşa, 6-njy iýun, 2016.

Orsýet NATO-nyň Polşada geçiren harby türgenleşikleriniň Ýewropada “ynam we howpsuzlyk atmosferasynyň bolmagyna goşant goşmaýandygyny” aýtdy.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowyň 7-nji iýunda eden bu çykyşy NATO-nyň agza we partnýor ýurtlarynyň Polşada iň uly birleşdirilen harby maşklaryna başlamagynyň ertesi edildi.

Polşanyň, ABŞ-nyň we NATO-nyň beýleki agza döwletleriniň, şeýle-de bäş sany partnýor ýurduň 31 müň sany harbysynyň gatnaşmagynda guryýer, deňiz we howa türgenleşikleri geçirilýär.

Bir hepde mundan ozal NATO Polşada geçiren sammitinde guramanyň Polşadaky we Baltiýa döwletlerindäki bazarynyň üpjünçiligini we harbylaryň sanyny artdyrmak meselesine seretdi.

Orsýet NATO-nyň goşunlarynyň öz serhetleriniň golaýynda ýerleşmeginiň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýdyp, jogap bermäge taýýardygyny nygtaýar.

XS
SM
MD
LG