Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ştangaçysy ýaryşdan çetleşdirildi


Umurbek Bazarbaýew

Umurbek Bazarbaýew

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ençeme gezek çempiony, agyr atletika boýunça halkara derejesindäki ussat Umurbek Bazarbaýew doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjyny ulanandygy sebäpli, dört ýyl möhlet bilen diskwalifisirlendi, ýagny halkara sport ýaryşlaryndan çetleşdirildi. Bu barada “Gündogar” internet saýty Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň (IWF) maglumatyna salgylanyp habar berýär.

Maglumatda geçen ýylyň noýabr aýynda Birleşen Ştatlaryň Hýuston şäherinde geçirilen dünýä çempionaty mahalynda Bazarbaýewiň ganyndan gadagan edilen anabolik steroid mesterolon maddasynyň ýokunyň tapylandygy aýdylýar.

Bu sebäpli türkmenistanly ştangaçyny ähli ýaryşlardan dört ýyl möhlet bilen çetleşdirmek baradaky karara gelindi. Bazarbaýewiň diskwalifikasiýa müddeti 2015-nji ýylyň 10-njy dekabryndan başlanyp, 2019-njy ýylyň 10-njy dekabryna çenli dowam eder.

Türkmen mediasy

Türkmenistanyň resmi metbugaty Umurbek Bazarbaýewiň diskwalifisirlenmegi bilen baglylykda hiç bir maglumat bermedi. Türkmenistanyň sport resmileriniň hem Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň kararyna nähilidir bir reaksiýa görekezendigi barada maglumat ýok. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň bu mesele bilen bagly Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinden söz almak synanyşyklary hem şowsuz boldy.

Sport ýoly

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Umurbek Bazarbaýew Türkmensitanyň ençeme gezek çempiony bolupdy. Ol 2000-nji, 2004-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllarda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna hem gatnaşypdy.

2009-njy we 2011-nji ýyllarda “Türkmenistanyň iň gowy sportsmeni” diýlip seçilen Umurbek 2008-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda hem bürünç medaly alypdy.

Mundan öň türkmen ştangaçysy şu ýyl Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçjek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak arzuwyny hem birnäçe gezek agzapdy.

Umurbek Bazarbaýew 1981-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly obasynda doguldy. Ol halkara ýaryşlarynda ilkinji gezek 1998-nji ýylda Bankokda çykyş edipdi.

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň resmi saýtyndandaky maglumatdan çen tutulsa, Bazarbaýew belli türkmen ştangaçysy Altymyrat Orazdurdyýewden ylham alýandygyny aýdypdyr.

Bu girizilen diskwalifikasiýa möhleti tamamlananda Bazarbaýew 38 ýaşynda bolar.

XS
SM
MD
LG