Sepleriň elýeterliligi

Şoýgu Aşgabatda “Yslam döwletiniň” howpuny maslahat eder


Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu

Orsýetiň goranmak ministri Aşgabada sapar edýär. Armiýanyň generaly Sergeý Şoýgunyň çarşenbe güni etjek saparynyň dowamynda türkmen-owgan serhediniň golaýynda mesgen tutandygy aýdylýan “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy durmak meseleleriniň maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu Şoýgunyň 2012-nji ýylda goranmak ministri wezipesine bellenenden bäri Türkmenistana ilkinji sapary bolar.

“Ъ” neşiriniň Russiýanyň Goranmak ministrligindäki çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, rus generaly Aşgabatda özüniň türkmen kärdeşi Ýaýlym Berdiýew bilen gepleşikler geçirer.

Owgan "howpy"

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, rus resmileri Owganystandan Merkezi Aziýa döwletlerine abanýan howp barada ýygy-ýygydan çykyş edip gelýärler. Şu ýylyň ýanwarynda Russiýanyň daşary işler ministri hem Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Owganystandan abanýan howp barada “pikir alşylandygyny” aýdypdy.

Sergeý Lawrow Aşgabadyň türkmen-owgan serhedini berkitmek ugrundaky tagallalaryna Moskwanyň kömekleşip biljekdigini, şol bir wagtda-da “kömegiň diňe goldawa mätäçlik bolanda berilýändigini” belläpdi.

“[Gepleşikleriň dowamynda Aşgabat] türkmen häkimiýetleriniň [Owganystan bilen] serhediniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwrebap tehnologiýalar arkaly alyp barýan goşmaça çäreleri barada maglumat berdi. Eger-de bu tagallalarda biziň [Russiýanyň] goldawymyz gerek bolsa, biz, elbetde, munuň bilen gyzyklanarys. Emma, ýene bir gezek ýatladyp geçesim gelýär, bu gün türkmen häkimiýetleri özleriniň Owganystan bilen aradaky serhedi nähili berk saklaýandygy barada jikme-jik maglumat berdiler. Biz hem şundan ugur alyp hereket edýäris” diýip, Russiýanyň baş diplomaty aýdypdy.

Şol bir wagtda-da “Ъ” neşirine maglumat beren rus harby çeşmesi, “Türkmenistanyň abanyp biljek howplara garşy durup biljekdigi baradaky beýanatlaryna garamazdan, 700 kilometrden hem aşa türkmen-owgan serhedini ýekebara gorap boljakdygyna kepil geçip bolmaýar” diýip, kommentariý berýär.

Russiýanyň Goranmak ministrligindäki kimdigi anyklaşdyrylmadyk bir çeşme “Biz pudak edaralarynyň bu ugurdaky tagallalaryny koordinirlemegi güýçlendirmegi teklip ederis. Belki-de, olaryň muňa garşylyklaýyn teklipleri bolar” diýip, maglumat berýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Owganystanyň Türkmenistan bilen 744 kilometrden gowrak umumy serhediniň ýakasyndaky demirgazyk etraplarynda soňky ýylyň dowamynda ýaragly toparlaryň hüjümleriniň güýçlenmeginiň ýurduň howpsuzlygyna wehim salmagy bilen bagly aladalanmalar artdy.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi-de, resmi habar serişdeleri-de Sergeý Şoýgunyň Aşgabada etjek sapary we bu agzalan ýagdaýlar dogrusynda häzirlikçe hiç hili maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosynyň türkmen resmilerinden kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Russiýanyň goranmak ministri Aşgabada etjek saparynyň öňüsyrasy, sişenbe güni Gazagystana sapar edip, özüniň gazak kärdeşi bilen hem duşuşar. Şoýgunyň Astana edýän sapary Gazagystanyň Aktobe şäherinde ýüze çykan atyşyklara gabat geldi.

Sergeý Şoýgunyň häzirki saparynyň dowamynda Gazagystandan we Türkmenistandan başga Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna, şol sanda Owganystan bilen serhetleşýän döwletlerine-de sapar etjekdigi barada hiç hili maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG