Sepleriň elýeterliligi

Nämälim mollanyň gyýýan bir gijelik “nikasy”


Ilýustrasiýa

Ilýustrasiýa

Gyrgyzystanda barly araplar bir gijelik nika ýykgyn edýärler.

Şerigatyň kanunlaryny pozman bir zenan bilen bilelikde wagt geçirmegiň möhledi näçe?

Gyrgyzystanda we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda täze hyzmat görnüşi peýda bolupdyr ýagny "bir gijelik nika".

Aýnura atly bir gyz äre baranda munuň diňe birnäçe günlikdigini özem bilmändir. Bir ýyl mundan owal ol gyzy bir arap ýaş ýigit bilen tanyşdyrypdyrlar. Ondan soň dini nika dabarasy gurnalypdyr. Dini nikany bolsa nämälim mollalar gyýypdyrlar.

"Biz Bişkekde ýaşaýardyk. 27-nji martda tanyşdyk. Derrew şol günem dini nika dabarasyny gurnadylar. Ol aýyň 31-nde bolsa ejesi näsaglandygy üçin hökman Arabystana gitmelidigini aýtdy. Ana şondan bärem men onuň barada gaýdyp hiç zat eşitmedim" diýip, Aýnur gürrüň beripdir.

Aýnura, ol adamsynyň diňe ady bilen ýaşyndan başga hiç hili maglumat bilmeýär. Äriniň dostlary bolsa oňa "Gaýdyp ony gözläp ýörme. Çünki äriň seniň bilen telefonda aýrylyşdy" diýipdirler.

"Olar, ärimiň maňa Gyrgyzystanda öý we maşyn alyp berjek diýdiler. Menem ene-atamyň rugsady bolmasa äre baryp bilmejegini aýtdym. Ýöne olar meniň başymy söz bilen aldadylar" diýip, ol gürrüň beripdir. Aýnara arada duranlar hakda kazyýete arza bilen ýüz tutmak isläpdir. Ýöne polis bolan ýagdaý barasynda jenaýata tutaryk tapyp bilmändir.

Birnäçe gün mundan owal gyrgyz internet sahypalarynda ýaýradylan bir wideoda we ses ýazgylarynda bir daşary ýurtly bilen bir ýerli zenanyň arasynda bolan gürrüň eşitdirilýär. Daşary ýurtly adam öz dosty üçin wagtlaýynça aýal tapmaga synanyşýar. Olar ýarym arap, ýarym gyrgyzça bir gijelik dini nika barasynda söwdalaşmaga başlaýarlar. Munuň üçin hödürlenýän pul bolsa 200 dollardyr.

Gyrgyzystanyň müftiliginiň düşündürişine görä, bir musulman adamyň gurby çatsa, ol özüne dört aýal alyp biler. Ýöne dini ýolbaşçylar bir gijelik nikany oňlamaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG