Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Aktobede gözleg işleri dowam edýär


Aktobede ýüze çykan atyşykdan soňky pursady görkezýän surat. 5-nji iýun, 2016 ý.

Aktobede ýüze çykan atyşykdan soňky pursady görkezýän surat. 5-nji iýun, 2016 ý.

Gazak häkimiýetleri hepde soňy ýurduň günbatarynda 19 adamyň başyna ýetip, ençeme adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerde güman edilýän ýene azyndan alty adamy gözleýär.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, öldürilen 13 adam hüjümçi topara degişli diýip çaklanýar. 5-nji iýunda Aktobede ýarag satylýan iki dükana we Milli gwardiýanyň bazasyna edilen hüjümde parahat ilatdan üç adam we Milli gwardiýanyň hem üç işgäri öldi. Ýene-de hüjümçi diýip güman edilýän azynda bäş adam ele salundy.

Ýüz beren hadysalar sebäpli Aktobe regionynda ýokary dereje hüşgärlik çäreleri girizildi. "Terrora garşy öperasiýalar" dowam edip, häkimiýetler sowda ýerleriniň käbirini ýapdylar, adamlary daşary çykmazlyga çagyrdylar.

Gözleg

7-nji iýunda Içeri işler ministrligi 14 gaçgagyň adyny hem suratlaryny ýaýradyp, olaryň hüjümler bilen baglylykda gözlenýändiklerini aýtdy.

Ministrlik şeýle hem 7-nji iýunda tutuş ýurtda hukuk goraýjy gulluklaryň ýokary hüşgärlikdedigini bildirip, "Aktobe we respublikanyň beýleki ýerlerinde ýagdaý kontrollyk astynda" diýdi.

Bular ýaly zorlukly hereketler berk kontrollyk astyndaky we belli bir derejede pajarlap ösýän 18 million töweregi ilatly öňki sowet döwletinde juda seýrek bolýar. Hüjümleriň jogäpkärçiligini öz üstüne alan bir ygtybarly yglannama ýa şolar ýaly başga bir zat entek peýda bolanok.

Hüjümde güman edilýän adamlar we olary bu işe iteren mümkin sebäpler hakda resmiler tarapyndan berilýän beýanatlar garym-gatym.

Gazak polisiýasynyň sözçüsi Almas Sadubaýewyň aýtmagyna görä, bular däp bolup gelýän dini hereketlere eýermeýän, ýagny Orta Aziýada aýdylyşy ýaly, ekstremistik ylamçy toparlar diýip güman edilýär.

"Din bilen hiç bir ilteşigi ýok"

Bu aralykda gazak parlamentiniň ýokarky palatasynyň senatorlary hadysalary ýurduň asudalygyna, durnuklylygyna garşy gönükdirilen "hapa jenaýatçylykly hüjüm" diýip ýazgaryp, jenaýatçylaryň eden işiniň "din bilen hiç bir ilteşigi ýok" diýdiler.

7-nji iýunda ýurduň häkimiýet başyndaky "Nur Otan" partiýasynyň başlygyň bir orunbasary bu partiýanyň bular ýaly hereketlere jogap edip, beýleki çäreler bilen birlikde, ýarag satylýan dükanlary ýapmak baradaky kanunlara hem garaýandygyny aýtdy. Bular ýaly söwda ýerleri "tutuş ýurtda ýapylmaly" diýip, Muhtar Kul-Muhammad sözüniň üstüne goşdy.

5-nji iýunda hüjümçiler özlerini ýarag bilen üpjün etmek üçin, ýarag satylýan dükanlara döküldiler.

Aktobede hepdäniň ahyryndan bäri ýapyk bolan internet täzeden açyldy. Resmiler ýerli söwda merkezleriniň we şäheriň jemgyýetçilik gatnawynyň adatdakysy ýaly işleýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG