Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň uçary 'bombaly' duýduryş sebäpli Özbegistanda gondy


“EgyptAir” howa şirketiniň uçary
“EgyptAir” howa şirketiniň uçary

Müsüriň Kairden Pekine barýan “EgyptAir” howa şirketiniň uçary bomba töwekgelçiligi sebäpli gyssagly Özbegistanda gondy.

Müsüriň resmileriniň 8-nji iýunda aýtmagyna görä, 135 adamy alyp barýan “Airbus A-330-220” uçary Özbegistanyň Urgenç şäherinde gonandan soň, ýolagçylar çykarylyp, onuň içi barlanypdyr.

Resmiler partlaýjy serişdeleriň tapylmandygyny aýtdylar.

Habar berilişine görä, özüni tanatmadyk adam “EgyptAir” şirketine jaň edip, uçarda bombanyň bardygyny habar beridir.

Müsüriň howa ýollary 19-njy maýda Ortaýer deňzinde uçary heläkçilige uçrap, 66 adam wepat bolansoň bombaly hüjümler barada duýduryşlaryň ençemesine eýe boldy. Duýduryşlar tassyklanmandy.

XS
SM
MD
LG