Sepleriň elýeterliligi

Klinton deslapky bäsleşikde ýeňdim diýýär


"Size sagbolsun aýdýaryn, biz sepgide gelip ýetdik" diýip, Klinton aýtdy.

"Size sagbolsun aýdýaryn, biz sepgide gelip ýetdik" diýip, Klinton aýtdy.

Hillari Klinton demokratlaryň prezidentlige kandidatlygy ugrundaky göreşinde ýeňiş gazanandygyny yglan etdi we prezident Barak Obama ony ýeňşi bilen gutlady.

Birleşen Ştatlaryň öňki birinji hanymy we döwlet sekretary Bruklinde, Nýu-Ýorkda, 7-nji iýun güni giçlik şatlyk-şowhuny asmana galan goldawçylarynyň arasynda, partiýa içinde dalaşgärlik üçin geçirilýän deslapky saýlawlarda, özbäsdeşi Berni Sandersden üstün çykmagyny baýram etdi. Ol öz ýeňşiniň aýallaryň öz hukuklaryny gazanmak ugrunda alyp baran uzak göreşiniň netijesidigini aýtdy.

"Size sagbolsun aýdýaryn, biz sepgide gelip ýetdik" diýip, Klinton aýtdy."Biziň ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek aýal adam uly bir partiýanyň kandidaty boldy... Biz bu pursatda özümizden öň orta çykanlara köp minnetdar bolmalydyrys."

"Bu agşam biz Amerikada aşa beýik bolmaga päsgelçiligiň we döwüp bolmajak beýik potologuň ýokdugyny buýsanç bilen aýdyp bileris" diýip, Klinton sözüniň üstüni ýetirdi.

Ak tam prezident Obamanyň Klintona telefon edip, ony demokratlaryň prezidentlige kandidatlygy üçin ýeterlikdelegatlary toplamagy bilen gutlandygyny aýtdy.

Obama bu saýlawlaryň netijesini kabul etmedik Sanderse hem telefon etdi we ol onuň bilen 9-njy iýunda duşuşar.

68 ýaşyndaky Klinton Nýu-Jersidäki deslapky ses berişlikde Sandersi ýeňeninden soň çykyp gürledi. Bu ýeňiş onuň kandidatlyk üçin zerur bolan ses artykmaçlygyny giňeldip,respublikanlaryň kandidaty bolar öýdülýän Donald Trampa garşy bäş aýlyk kampaniýa gurmagyna ýol açýar. Bu kampaniýa 8-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawlary bilen soňlanar.

Nýu-Jersi 7-nji iýunda bäsleşik guran alty ştatyň diňe biridir. Emma Kaliforniýa has köp ilatly ştat bolup, Klinton bu ýerde Sandersden ýeňilmek töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz durdy.

Kaliforniýadaky ses berişlikler agşam sagat 11-de ýapyldy, emma habar guramalary bu ýerde basdaşlaryň arasynyň gaty golaýdygyny we hakykatda kimiň ýeňendigini kesgitli aýdyp bilmejeklerini aýtdylar.

Klinton Nýu-Meksikada we günorta Dakotada hem demokratik partiýanyň deslapky saýlawlarynyň ýeňijisi boldy. Sanders demirgazyk Dakotada ýeňiş gazandy we Montanada ýeňiji bolar diýip çaklanylýar.

Sanders Kaliforniýadaky goldawçylaryna Ak tam üçin göreşini dowam etdirmegi wada berdi we indiki hepde Waşingtonda, Kolumbiýa okrugynda boljak deslapky saýlawlarda hem söweşjekdigini aýtdy.

Ol saýlawdan soň "Biz Filadelfiýada sosial, ykdysady, jynsy we ekologiýa adalatlylygy ugrunda göreşeris" diýdi. Mälim bolşy ýaly, Filadelfiýada gelýän aý Demokratik partiýanyň milli konferensiýasy geçirilmeli.

Tramp Respublikan partiýanyň gelýän aýda geçjek konferernsiýasynda dalaşgär seçilmek üçin zerur bolan delegatlary eýýäm gazandy, ol 7-nji iýunda Nýu-Jerside, günorta Dakotada, Nýu-Meksikada we Montanada öz partiýasynyň saýlawlarynda ýeňiji boldy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG