Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazyjy Trumpyň gadagan edilmegine garşy


J.K. Rowling
J.K. Rowling

"Diktatorlar tapawutly pikire eýe adamlary gynan mahaly hem şonuň ýaly ýagdaýy mysal getirýärler".

ABŞ-nyň Respublikaçylar partiýasyndan prezidentlige dalaşgärlik edýän Donald Trumpyň öňe sürýän jedelli pikirleri oňa garşy çykýanlaryň sanyny artdyrmagyny dowam edýär.

Emma, beýleki tarapdan, saýlawçylaryň arasynda onuň reýtingi hiç peselmeýär.

"Trump fenomenine" Britaniýanyň ýazyjysy, "Harri Potter" atly çagalar kitabynyň awtory J. K. Rowlingiň garaýşy bolsa has başgaça.

Ýazyjy "PEN Amerika" guramasynyň baýragyny alan mahaly eden çykyşynda, ösen düşünjeli liberal bir adam hökmünde ony has köp biynjalyk edýän ýagdaý, bir mesele barada başgaça pikiri aýdýana gaty erbet daralmagydyr.

Ol musulmanlara garşy oňaýsyz pikirleri sebäpli Trumpyň Britaniýa gelmeginiň gadagan edilmegi barasynda petisiýanyň beren çagyryşyna goltgy hökmünde ýarym million adamynyň gol çekendigini ýatladyp, şeýle diýýär: "Dogrymy aýtsam, men jenap Trumpyň aýdýan zatlarynyň hemmesini diýen ýaly juda jedelli pikir hasaplaýaryn. Ony gaty gazaply hem gödek tutumly hasap edýärin. Emma onuň meniň ýurduma sapar gurnap, gazaply we gödek çykyş etmäge doly hakynyň bardygyny goldaýaryn. Onuň söz azatlygy hukugyna eýe bolmagy, şol bir wagtyň özünde meniň ony öjükdiriji pikirli diýip atlandyrmagyma subutnama berýär. Onuň azatlygy meniň azatlygymyň kepilnamasydyr".

Ýazyjynyň sözlerine görä, hiç kim pikiri üçin gadagan edilmeli däl. Tapawutly hem garşylyklaýyn pikiri çäklendirmek, bogmak, opponenti sem etmek aladalary diktatorlaryň etmişlerine amatly bahana döredip biler. Çünki olar hem syýasy garşydaşlaryny, tapawutly pikirli adamlary zyndana atanlarynda we olary gynan mahallary, şolar ýaly ýagdaýy tutaryk edinýärler.

XS
SM
MD
LG