Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa hüjüm howpy barada smartfon arkaly duýduryş berer


Smartfon tilsimleri

Smartfon tilsimleri

Fransiýanyň hökümeti ýaragly hüjümleriň we bomba partlamalarynyň bolan ýagdaýynda smartfonlar arkaly gyssagly duýduryş bermek üçin ýörite tilsimi ýola goýýar.

Bu tilsimiň 8-nji iýunda elýeterli edilmegi Fransiýada 10-njy iýunda başlanýan “Euro 2016” futbol ýaryşynyň howpsuzlygyna aladalanmalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Iňlis we fransuz dillerinde elýeterli edilen bu tilsim arkaly golaýda hüjüm bolan ýagdaýynda smartfonlar arkaly duýduryşyň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de suw joşguny ýaly “garaşylmadyk ýagdaýlar” barada hem habar beriler.

“Euro 2016 ýaryşynyň dowamynda stadionlar, fan zonalary, ýaryş barada habar bermek üçin niýetlenýän ýörite ýerler, transport merkezleri we liniýalary terrorçy hüjümleriň potensial nyşanlaryna öwrülýärler” diýlip bir gün öň Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Fransiýadaky halkara ýaryşynyň howpsuzlygy bilen baglylykda aladalanma bildirip, ýaýradan maglumatynda bellenýär.

XS
SM
MD
LG