Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' 12 howpsuzlyk ofiserini öldürdi


Ghazni welaýaty, 1-nji iýun, 2016

Ghazni welaýaty, 1-nji iýun, 2016

Owganystanyň resmileri “Talybanyň” ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň 12 agzasyny öldürendigini we olaryň gündogar Ghazni welaýatynda ýaňy-ýakynda bolan çaknyşyklarda zamun alnan adamlardygyny aýtdylar.

Goşunyň aňtaw ofiseri Gulam Mohammad Tahiriniň 8-nji iýunda aýtmagyna görä, öldürilen 12 adamdan ýedisi polisiýa wekili, üçüsi esger we ikisi milli aňtaw agentliginiň resmisi.

Owgan resmisi bu ýagdaýyň 7-nji iýunda Andar etrabynda bolandygyny we “Talybanyň” söweşijileriniň ýerli ýaşaýjylary jezalandyrmalary görmäge mejbur edendigini aýtdy.

Ghazniniň polisiýasynyň metbugat-wekili Jawid Salangi howpsuzlyk güýçleriniň wekilleriniň “Talyban” tarapyndan welaýatyň uly ýollarynda 3-nji we 5-nji iýun aralygynda zamun alnandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG