Sepleriň elýeterliligi

Dissidentiň gyzynyň 'gadaganlygy' aýryldy


Gadaganlyk möhri basylan türkmen pasporty.

Gadaganlyk möhri basylan türkmen pasporty.

Türkmen häkimiýetleri garaşylmadyk ýerden türkmen dissidenti, Norwegiýada on ýyl gowrak ozal gaçybatylga alan Pirimguly Taňrygulyýewiň gyzyna we iki agtygyna ýurtdan çykmaga girizilen gadaganlygy ýatyrdy.

Moskwadaky «Memorial» adam hukuklary merkeziniň berýän maglumatyna görä, 42 ýaşyndaky Aýjemal Rejebowa 4-nji iýunda öz gyzlary Aknur (3 ýaşynda) we Aýlar (11 ýaşynda) bilen 13 ýyldan gowrak wagt bäri görmedik ejesini görmäge,ýagny Aşgabatdan Stambula uçmaga mümkinçilik aldy.

Hukuk topary Aýjemalyň we onuň adamsynyň 1999-njy ýylda işden boşadylandygyny, olara ýörite gulluklar tarapyndan gözegçiligiň ýola goýlandygyny, olaryň ençeme gezek soraga çekilendigini we gorkuzylandygyny belleýär.

Aýdylmagyna görä, bu maşgalanyň ýurtdan çykmagyna girizilen gadaganlyk 2006-njy ýylyň dekabrynda ýogalan öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründen uç alýar.

2015-nji ýylyň iýulynda Aýjemal we onuň kämillik ýaşyna ýetmedik iki gyzy Aşgabatdan Stambula uçýan uçara goýberilmedi.

«Migrasiýa gullugynyň resmileri olara ýurtdan çykmagyň ömürlik gadagan edilendigini aýtdylar» diýip, «Memorialyň» metbugat üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.

Migrasiýa gullugynyň wekilleriniň sözleri olaryň pasportlaryna urlan «gadaganlyk» möhri bilen hem tassyklanylypdyr.

Bu waka Merkezi Aziýa ýurtlaryna gözegçilik edýän hukuk goraýjy guramalaryň internet saýtlarynda giňden beýan edildi, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Warşawada, 2015-nji ýylyň güýzünde bolan maslahatynda hem ýatlanylyp geçildi.

Kollektiw gadaganlyk

Dissidentiň beýleki maşgala agzalary hem şunuň ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolup geldi. Mysal üçin, onuň 1943-nji ýylda doglan dogany Doly Taňrygulyýew 2014-nji ýylyň tomsunda Aşgabatdan Türkiýä uçmakçy boldy. Emma ol ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan uçardan düşürildi we şondan kän wagt geçmänkä insulty başdan geçirdi.

Aýjemalyň 2015-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet migrasiýa gullugyna bu gadaganlygyň sebäbini sorap ýazan arzasyna diňe ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Aşgabada noýabrda eden saparyndan soň jogap berildi. Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Gurdowyň goly bilen 20-nji noýabrda berlen jogapda ýurtdan çykmaga girizilen gadaganlygyň «güýjünde galýandygy» aýdylýardy.

Aýjemal 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde Migrasiýa gullugyna gaýtadan ýüz tutýar we özüne ýurtdan çykmak üçin girizilen gadaganlygyň kanuny esaslarynyň, şeýle-de bu çäklendirmäniň anyk haýsy guramalar tarapyndan we näçe wagtlyk möhlet bilen girizilendiginiň habar berilmegini soraýar.

Netijede, maý aýynyň ortasynda Aýjemal M.Gurdowyň 27-nji aprelde gol çeken hatyny alýar we onda Aýjemal we onuň çagalary babatda ýurtdan çykmaga girizilen çäklendirmäniň ýatyrylandygy aýdylýar. Aýjemal bu haty alanyndan soň hem Migrasiýa gullugyna ýüz tutup, bu aýdylýanyň çyndygyna goşmaça tassyknama alýar. Şundan soň, ozal pasportlaryna gadaganlyk möhürleriniň basylandygyna garamazdan, olaryň ýurtdan çykmagyna hiç hili päsgelçilik döredilmändir.

«Memorial» merkezi Türkmenistanda potensial we hakyky dissidentlere, olaryň ýakyn we daşgyn garyndaşlaryna ýurtdan çykmak gadaganlygyny girizmek praktikasynyň öňki prezident S.Nyýazow döwründe giňden ulanylyp, şu günlere çenli hem saklanyp galýandygyny ýazýar.

Habarda aýdylmagyna görä, ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilen raýatlaryň sany müňlerçe, şol bir wagtda-da ol gadaganlyk prosedurasy aýdyň bolman galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG