Sepleriň elýeterliligi

Bagdad: Iki partlama zerarly 20 adam wepat boldy


Bagdadyň al-Jadeeda köçesinde partlamanyň bolan ýeri, 9-njy iýun, 2016

Bagdadyň al-Jadeeda köçesinde partlamanyň bolan ýeri, 9-njy iýun, 2016

Yrakdan gowuşan maglumatlarda Bagdadyň daşynda bolan iki sany aýra-başga bomba partlamasynda azyndan 20 adamyň wepat bolandygy habar berildi.

Polisiýa içi partlaýjy serişdeli awtoulagyň Bagdadyň al-Jadeeda söwda köçesinde partladylmagy zerarly azyndan 15 adam heläk bolandygyny we 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Şeýle-de paýtagtyň demirgazygynda ýerleşýän Taji şäherinde janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran partlamasynda azyndan bäş adam wepat boldy we azyndan 12 adam ýaralandy.

Partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Soňky aýlarda ýurtda bolan şuňa meňzeş hüjümleriň ählisiniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG