Sepleriň elýeterliligi

Eýran kanadaly alymy tussag etdi


Homa Hoodfar

Homa Hoodfar

Eýranyň häkimiýetleri asly eýranly antropolog alymy onuň maşgalasynyň sözlerine görä, näbelli aýyplamalaryň esasynda tussag etdiler.

Maşgalanyň 8-nji iýunda aýtmagyna görä, 65 ýaşly Homa Hoodfar Tähranyň Ewin türmesinde saklanýar.

“Häkimiýetler professor Hoodfaryyň içalyçylyk, hökümete garşy çykyş etmek ýa-da döwlete garşy propaganda ýaly etmişlerde güman edilip-edilmeýändigini anyklaşdyrmadylar” diýlp, maglumatda bellenýär.

Monrealyň Konkordia uniwersitetiniň professory şu hepdäniň başynda tussag edilip, munuň öňüsyrasynda aňtaw gullugy tarapyndan ençeme gezek sorag edilipdir.

Mart aýynda alymyň ýurtdan çykmagy gadagan edilipdi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň goşa raýatlygy bolan ençeme raýaty Eýranda tussag edilipdi ýa-da dürli basyşlara sezewar edilipdi.

XS
SM
MD
LG