Sepleriň elýeterliligi

Orsýet BMG-niň SPID rezolýusiýasyna garşylyk görkezýär


Polisiýa jynsy azlyklaryň ýörişinde protestçileri tussag etdi, Moskwa

Polisiýa jynsy azlyklaryň ýörişinde protestçileri tussag etdi, Moskwa

Orsýet BMG-niň gomoseksuallyga we neşekeşlige jenaýat hökmünde garalmazlygyna çagyrýan SPID boýunça rezolýusiýany çäklendirmek ugrunda tagalla edýär.

Orsýet we oňa goşulan Eýran, Polşa hem Pars aýlagynyň birnäçe ýurdy jenaýatçylyk hökmünde seretmezlik meselesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2030-njy ýyla çenli SPID-iň epidemiýasynyň soňuna çykmak boýunça 8-nji iýunda kabul eden rezolýusiýasyna goşulmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar.

Rezolýusiýanyň taslamasynda gomoseksuallyga we neşekeşlige “adam hukuklary meselesi” hökmünde seredilmegine çagyrylypdy.

Orsýetiň saglyk resmisi Dilýara Rawilowa-Borowik WIÇ/SPID-iň soňuna çykmak üçin hökümetleriň jemgyýetiň saglygyna degişli öz strategiýasyny alyp barmaga “garaşsyz hukugyna” eýe bolmalydygyny belledi.

Diplomatlar Orsýetiň rezolýusiýa beýleki üýtgeşiklikleri girizilmek boýunça tekliplerine hem seredilendigini, emma olaryň Orsýetiň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň jynsy azlyklara garşy kanunlaryny kabul etmäge ýol açýandygy sebäpli ret edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG