Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan parahatçylyk boýunça 106-njy ýerde


2016-njy ýyl boýunça hasabat

2016-njy ýyl boýunça hasabat

Ykdysadyýet we parahatçylyk instituty dünýä ýurtlarynyň parahatçylyk derejesi boýunça täze hasabatynda 163 ýurduň arasynda Türkmenistany 106-njy ýerde ýerleşdirdi.

8-nji iýunda çap edilen “Global Peace Indeks” atly hasabatda Türkmenistana berlen baha Belarus bilen deň.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda parahatçylyk, asudalyk derejesi boýunça Gazagystan öňde barýar we hasabatda 75-nji ýerde ýerleşýär. Özbegistan 109-njy ýerde, Täjigistan 122-nji we Gyrgyzystan 124-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Hasabatda Owganystan 160-njy ýerde görkezilýär. 2016-njy ýylda dünýäde iň durnuksyz ýurduň Siriýadygy, iň asuda ýurduň bolsa Islandiýadygy aýdylýar.

“Global Peace Indeks” atly hasabatda ýurtlaryň parahatçylyk derejesine berilen baha jemgyýetiň howpsuzlygy, içerki we halkara konfliktleriniň bolup-bolmazlygy we harbylaşmagynyň derejesi bilen bagly.

XS
SM
MD
LG