Sepleriň elýeterliligi

logo-print

'YD-nyň şowsuzlygy Günbatarda hüjümleri artdyrmagy mümkin'


BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jeffrey Feltman

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jeffrey Feltman

“Yslam döwleti” (YD) toparynyň Siriýada we Yrakda harby şowsuzlyklary ekstremist toparyny Günbatarda, Orsýetde we beýleki halkara nyşanlara has köp hüjüm etmäge itergi berip biler, diýip BMG-niň resmisi aýtdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jeffrey Feltman YD toparynyň döredýän howpy baradaky öz netijelerini 8-nji iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde mälim etdi. Feltman ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň we Siriýada Orsýet tarapyndan goldanýan güýçleriň edýän söweşleriniň netijesinde söweşiji toparyň güýçden düşýändigi aýdylýar.

Muňa garamazdan Feltman öňegidişligiň gaýtaryp bolmajak derejede däldigini belläp, “ýaňy-ýakynky şowsuzlyklary sebäpli YD-nyň täze bir tapgyra geçmegi mümkin we öz bölümleriniň roluny güýçlendirip, häzirki konflikt zonasynyň daşynda köptaraplaýyn, dowamly halkara hüjümlerini amala aşyrmak üçin herekete geçmegi mümkin” diýdi.

XS
SM
MD
LG