Sepleriň elýeterliligi

Öz döredijisiniň başyna ýeten ýadygärlik


Staliniň heýkeli, Praga, 1955

Staliniň heýkeli, Praga, 1955

Sowet diktatory Iosif Staliniň dünýä boýunça iň uly heýkeli 1955-nji ýyldan 1962-nji ýyla çenli Çehoslowakiýanyň paýtagty Praganyň üstüne abandy durdy.

Agramy 17 müň tonna bolan bu äpet heýkeli görmezlik mümkin däldi, ýöne bu heýkeli proýektirlän heýkeltaraş Otakar Swes ony görüp bilmedi.

Swesiň şahsy tragediýasy bilen baglanyşykly täze kinofilmi döretmek üçin zerur bolan zalymyň äpet kellesi öten aý ýene bir günläp Praganyň depesinden garap durdy.

"Bu ýadygärlik özüni döredeniň başyny iýdi, onuň ömrüni köýdürdi. Biziň filmimiz şol barada, bu bir adamyň çykgynsyz ýagdaýa düşüp, ondan sypyp bilmändigi barada" diýip, režissýor Wiktor Polensi aýdýar.

Polensiniň "Monster" atly kinosy çeh ýazyjysy Rudla Kaineriň "Granit Stalin" atly romanynyň esasynda döredilipdir.

Heýkeltaraş Swesiň ykbaly hem 19-njy asyryň aýaklarynda doglan nesle degişli we şol bir wagtda-da Gitler bilen Staliniň iki degirmen daşynyň arasyna düşen köpsanly merkezi ýewropaly intellektuallaryň ykbalyna çalymdaş.

Swes 1892-nji ýylda Karlowy Waride dogulýar, heýkeltaraşlyk karýerasyna hem Biriniji Jahan urşundan soňra başlaýar. Ol Staliniňkiden başga-da birnäçe taryhy şahsyýetleriň, şol sanda Çehoslowakiýanyň ilknji prezidenti T.G. Masarykyň hem heýkelini döretdi.

Onuň Staliniň heýkeliniň duran ýerinde Paraga garap duran Masaryk heýkeli Gitler Çehoslowakiýany basyp alanyndan soň ýykyldy.

Çehoslowakiýada häkimiýeti kommunistler eýeläp, ýurt sowet orbitasyna çekilensoň, Swesiň ady köp eşidilmedi.

"Ol, sungatçylaryň aglabasy ýaly, çylşyrymly adamdy. Aslynda, ol Ilkinji Respublikanyň [iki jahan urşunyň aralygyndaky garaşsyz Çehoslowakiýa döwleti] adamsydy. Ol kommunist däldi" diýip, Polesni belleýär.

1949-njy ýylda Swes Staliniň ýadygärligi boýunça guralan konkursa gatnaşmaga çagyrylýar. Ol režim tarapyndan ileri tutulýan bir sungatçynyň hormata mynasyp boljagyna şübhelenmän, az-kem bähbit gazanmak umydy bilen, bir taslamany tabşyrýar.

Polensi: "Ol az-kem gonorar ýa tabşyryk berler, az-kem üstünlik getirer diýip umyt etse-de, ýeňiji bolaryn, onuň ähli jebrini hem çekmeli bolaryn diýip, asla pikir etmändir" diýýär.

Bir topar proletar işçiniň öňünde duran äpet Stalini görkezýän konstruksiýany gurmak üçin oňa bäş ýyl gerek bolýar. Çehler soňra bu gurluşa "et üçin nobat" diýip at dakdylar.

Gurluşyk döwri Swes üçin gaty kynçylykly bolýar. "Ol bu ýadygärligi gurmaga mejbur bolanda depressiýa düşýär. Bu hem bütinleý logiki zat. Ol 'em hökmünde' alkogola ýapyşýar" diýip, Polesni aýdýar.

Wiktor Polensi soňra hem: "Meniň düşüren kinom şu psihologik drama barada, bir adamyň çözüp bolmajak meseläni çözmäge synanyşmagy barada" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

1954-nji ýylda Swesiň aýaly syýasy basyş we şahsy drama sebäpli özüni öldürýär.

Ýadygärlik tamamlanmaga golaýlanda hem 1955-nji ýylyň 4-nji aprelinde Swes öz janyna kast edýär. Bu işiň takyk näme üçin ýa nädip bolandygyny bilýän adam ýok.

Ahyrsoňy Staliniň ýadygärligi diktator öleninden iki ýyldan gowrak soň, ýagny 1955-nji ýylyň 1-nji maýynda açyldy.

"1955-nji ýylda ýadygärlik açylanda, ol eýýäm könelipdi. 1956-nji ýylyň başlarynda [sowet lideri Nikita] Hruşçew Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň 20-nji gurultaýynda Stalini tankytlap çykyş etdi. Pragada bolsa Staliniň ýadygärligi ýedi ýyla golaý durdy. Ol hiç kime gerek däldi" diýip, Polensi belleýär.

1962-nji ýylda bu ýadygärligi ýykmak üçin 800 kiloram partlaýjy gerek boldy.

Polesni Swes proýektiniň üstünde işlemäge bäş ýyldan gowrak mundan ozal başlapdyr. Ýöne indi Orsýetde Wladimir Putiniň, şeýle hem beýleki ýurtlarda onuň yzyna eýerýänleriň Staliniň abraýyna dikeltmäge synanyşýandygyny nazara alanyňda, bu mesele has aktual bolup görünýär.

"Dogrymy aýtsam, men öz düşünjämi hiç haçan real syýasy ýa halkara derejesindäki zatlar bilen baglanyşdyran adm däl. Eger bu kinoda käbir pursatlar we pikirler realistik bolup görünse, ol maňa baglanyşykly däl. Zamana şeýle" diýip, Wiktor Polensi aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG