Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen parlamentiniň başlygy 22 ýylda birinji gezek Orsýete bardy


Türkmenistanyň parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa
Türkmenistanyň parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa

Türkmenistanyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň soňky 22 ýylda birinji gezek Orsýete eden saparynyň dowamynda orsýet parlamentiniň ýokarky öýi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi.

“Parlament gatnaşyklarymyzyň depgininiň ýokarlanmagyna we Orsýetiň Federasiýa Geňeşiniň hem Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyň baglaşylmagyna men şat” diýip orsýet parlamentiniň geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko 9-njy iýunda Moskwada Akja Nurberdiýewa bilen geçiren duşuşygynyň yzýany aýtdy.

Matwiýenko Moskwanyň we Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategiýa taýdan ähmiýetli häsiýete eýedigini we syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.

Taraplaryň yzygiderli aragatnaşyk alyp barmak barada ylalaşyp, milli kanunlary kämileşdirmek meselesinde pikir alyşylandygy habar berildi.

Şeýle-de Akja Nurberdiýewa orsýet parlamentiniň aşaky öýi Döwlet Dumasynyň başlygy bilen duşuşdy. Onuň bu sapary Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň Aşgabatda regional howpsuzlyk meselesi boýunça gepleşik geçirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG