Sepleriň elýeterliligi

Ata mazaryna barýan ýol


Çingiz Aýtmatow. 1981-nji ýyl

Çingiz Aýtmatow. 1981-nji ýyl

Ýazyjy Çingiz Aýtmatowy ýatlamaga pursat ýetdi. Ol 2008-nji ýylyň 10-njy iýunynda aradan çykypdy. Onuň ömür ýoly, bitiren hyzmaty görelde bolup dur.

Gazanmak

Ol "halk duşmany" saýylan hem atylyp öldürilen Törekul Aýtmatowyň ogludygyny hiç wagtda ýaşyrmady.

Asyl käri weterinar bolany üçin, bu ugurdan Moskwa aspiranturasyna okuwa ýerleşmekçi bolanda, ony ,,halk duşmanynyň” ogly hökmünde kabul etmändirler.

Çingiz Aýtmatow çeper edebiýata dolanmaly bolupdyr. Bu ugurdan öz ukybyny hem zehinini açmak isläpdir. Netijede, onuň yhlasy daş ýardy.

Döwründe dünýäniň iň köp okalýan ýazyjysy boldy. Dünýä dilleriniň 200-den gowragyna, şol sanda türkmen diline terjime edildi.

Indi görülse, ol özüniň rahat tapjak ahyret öýüni-de gazanypdyr. Özi üçin Ata mazaryna barýan ýoly aýan edipdir.

Gözlegler

Ol mydama resmiler tarapyndan ýanalan adamlar barada aýdyp geldi. "Ýüzbe-ýüz" eserinde hatda bir gaçgak barada ýazdy, ony ýigrenmedi, onuň ynsandygyny aýtdy.

Segseninji ýyllarda ,,Kino” žurnalynyň geçiren gürrüňdeşliginde, 37-nji ýylyň wakalary barada eser ýazjakdygyny mälim etdi.

Ahyrynda beýle eseri ýazmady, ýöne bu ugurda örän uly hyzmaty amala aşyrdy.

Wyždan azaby

Bir bende çaga wagtynda gören ahwalatyny hiç haçan unudyp bilmändir. Ony mydama ýüreginiň töründe saklapdyr. Ahyrynda şaýat bolan ahwalatyny özi bilen gabyra äkitmekden gorkupdyr.

Paýtagt Bişkegiň günortasynda, baýyrlygyň eteginde köne kerpiç zawodynyň gum alýan çukury bar ekeni. Bir gije ol ýere ençeme adamy getirip, atyp öldüripdirler. Bir çaga muňa şaýat bolupdyr. Olar şo golaýda ýaşaýan ekeni.

Aradan 50 ýyl geçensoň, şol gören zatlaryny resmilere aýdypdyr. Olardan: "Göreris. Barlarys" diýmekden başga anyk jogap bolmandyr.

Bu gürrüň agyzdan-agza geçip, ahyrynda abraýy beýik hem täsiri güýçli şahs Çingiz Aýtmatowa ýetýär. Onuň aladasy hem berk talaby bilen şol aýdylýan ýer barlanylýar. 137 adamyň jesedi aýan edilýär.

Olardan köpüsiniň kimlerdigini kesgitlemek mümkin bolupdyr. Bular 37-nji hem ondan öňki ýyllarda "halk duşmany" diýlip tussag edilen, 1938-nji ýylda atylyp öldürilen adamlar ekeni. Olaryň arasynda beýik ýazyjynyň kakasy Törekul Aýtmatow hem bolupdyr.

Ata beýt

Bu ýere Çingiziň teklibi bilen "Ata beýt" (gyrgyzça "Ata-Beit") diýen at berlipdir. Beýt sözi türkmen dilinde Beýtilla, Beýtillahem, Beýtilmukaddes ýaly sözlerde gelip, öý, mekan manylaryny aňladýar. Gyrgyzlarda hem gazaklarda ol ömürlik gonalgany, ýagny mazary hem aňladýar.

Çan-Taş aýylynda aýan edilen şehitleriň üstüne ýadygärlik gurlupdyr. Şehitlerden galan zatlardan, kiçeňräk muzeý döredilipdir. Ol bendeleriň egin-eşiklerinden bölekler, aýratyn-da aýakgaplary galypdyr. Aýagy galoşly adamlaram bolupdyr.

Beýik ýazyjyny şol bigünä şehitleriň ýanynda jaýladlar. Ynsan üçin şondan mukaddes ýer bolmasa gerek. Däbimiz şeýle, ogullar atasynyň aýak ujunda jaýlanmagy wesýet edýärler.

Bu bir belentlikde oturan örän täsin ýer eken. Töwerekden gözüňi aýrar ýaly däl. Günortada üsti garly daglar bar. Gündogarda, baýyrdan arkada paýtagt Bişkek şäheri bolmaly. Aralykda bolsa bölek-bölek obalar hem Çingiziň wasp eden belent boýly derekleri görünýär. Bu toprak owaldan-ahyra gözel bolupdyr, ynsan bolsa onuň many-mazmunyny artdyrýar.

Zyýarat

Ol ýere zyýarata baranymda, biziň ilimiziň ajaýyp şahyry, Hywada ýaşap geçen Pälwan Mahmudyň iki setiri ýadyma düşdi.

Men zyýarat kyldym köp gabyrystany,

Kim kylarka meniň gabryma zyýarat?

Şägirtleri Mahmut Pälwanyň guburynyň üstünden örän bezemen aramgäh gurupdyrlar. Aramgähiň içini Kurhany Kerimiň aýatlary bilen bezäpdirler. Oňa zyýarata barýanlaryň yzy üzülenok. Çingiz aganyň başujuna-da köp adam geler. Häzirki gurlan ýoly giňeltmeli bolarlar.

Ata mazaryna barýar ýol mydama açyk galýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG