Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Aşgabat beýleki maşgalalary hem begendirmeli


Aşgabat, Halkara aeroport.
Aşgabat, Halkara aeroport.

Türkmen häkimiýetleri bosgunlykdaky dissident Pirimguly Taňrygulyýewiň maşgala agzalarynyň garşysyna girizilen 13 ýyllyk syýahat gadaganlygyny ýatyryp, 4-nji iýunda olaryň ýurtdan çykmagyna rugsat berdi diýip, HRW guramasynyň 9-njy iýunda Berlinden ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Hukuk goraýjy guramalaryň koalisiýasy dissidentiň gyzy Aýjemalyň 3 we 11 ýaşlaryndaky gyzlary bilen Türkiýä uçup, ol ýerde Taňrygulyýewiň özlerine garaşýanaýaly bilen duşuşandyklaryny habar berýär

«Türkmen häkimiýetleri birnäçe müň adamy, şol sanda tussag edilen ýa bosgunlykdaky hökümet tankytçylarynyň garyndaşlaryny, gorkuzmak we maşgala agzalaryna temmi bermek üçin, daşary ýurtlara syýahat etmekden mahrum etdiler. Häkimiýetler käte olaryň maşgala agzalaryny uçar meýdanyndan yzyna gaýtarsalar, käte güýç bilen uçardan düşürdiler» diýip, beýanatda aýdylýar.

“Pirimguly Taňrygulyýewiň maşgalasy ahyrynda, 13 ýyldan gowrak wagtdan soň bir-birleri bilen görşüp bildi» diýip, «Human Rights Watch» guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

“Biz türkmen hökümetiniň eden-etdilikli syýahat gadaganlygy praktikasyny bes etmegine we beýleki maşgalalaryň hem bu begenjiň hözirini görmegine umyt baglaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Halypa we şägirt

Taňrygulyýew hormatly dynç alşa çykan doktor we professor, Türkmenistanyň parlamentiniň ozalky agzasy. Ol 1999-njy ýylda, hökümeti tankytlamagyny bes etdirmek we ýene parlament saýlawyna gatnaşmagynyň öňüni almak üçin türmä basyldy diýip,HRW-yň beýanatynyň dowamynda aýdylýar.

Ol 2000-nji ýylda azatlyga çykýar we ahyrynda Norwegiýadan gaçybatalga alýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, bilimi boýunça diş doktory, Taňrygulyýewiň Aşgabatdaky Medisina institutynda okadan studentleriniň biridir.

Maşgala agzalarynyň ýanalmagy

Taňrygulyýew tussag edileninden kän wagt geçmänkä onuň gyzy Aýjemal Rejebowa we onuň adamsy işden boşadylýar. Kanun goraýjy we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri olary gözegçilik astyna alýarlar, wagtal-wagtal soraga çekýärler we gorkuzmaga çalyşýarlar. Olaryň ýurtdan çykmagy hem gadagan edilýär.

Rejebowa we onuň iki gyzy 2015-nji ýylyň iýulynda Türkiýä uçjak uçara goýberilmedi. Migrasiýa gullugynyň resmisi olaryň ýurtdan çykmagynyň «ömürlik gadagan edilendigini» aýtdy we pasportlaryna «çykmak gadagan» diýen möhri basdy.

Taňrygulyýewiň dogany, şol wagt 71 ýaşynda bolan Doly 2014-nji ýylyň tomsunda Türkiýä uçjak bolup duran uçardan düşürildi. Şondan az wagt soň ol insulty başdan geçirdi we maşgala muny şol stresli ýagdaýyň göni netijesi hasaplady.

Aýjemal Rejebowa iýulda bolan hadysadan soň Migrasiýa gullugyna öz syýahat gadaganlygynyň sebäplerini sorap hat ýazýar. Oňa noýabrda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Aşgabada eden saparyndan soň ýazmaça jogap berilýär we «degişli hökümet agentlikleriniň delilleri esasynda syýahat gadaganlygynyň güýjünde galýandygy» aýdylýar. Bu gadaganlyk bilen Jon Kerri hem habarly edilipdi.

Koalisýanyň tagallasy

«Human Rights Watch», «Memorial» we «Olary diri görkeziň» - beýleki garaşsyz hukuk toparlary bilen Türkmenistanda zorlukly ýitirim edilmeleriň soňuna çykylmagy barada kampaniýa alyp barýan halkara koalisiýa Rejebowanyň meselesini, ÝB-Türkmenistan adam hukuklary dialogy, ÝB-Türkmenistan partnýorlyk we hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen baglylykda,ÝB resmileriniň öňünde gaýta-gaýta goýdy.

2016-njy ýylyň 17-nji maýynda türkmen häkimiýetleri bilen geçirilen adam hukuklary dialogy mahalynda ÝB Türkmenistany raýatlaryň erkin ýurtdan çykmagyna we yzyna gelmegine rugsat bermäge hyjuwlandyrdy diýip, HRW ýazýar.

Hukuk toparlary ABŞ resmilerini hem türkmen hökümeti bilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde bu meseläni gozgamaga çagyrdylar.

Azatlyk radiosy Aýjemal Rejebowanyň syýahat gadaganlygynyň aýrylyşy baradaky jikme-jiklikleri ozal habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri Aýjemal Rejebowadan öň belli atşynas, hökümet bilen arasy bozulan Geldi Kärizowa hem ýurtdan çykmaga rugsat berdiler. Ýogsa ol hem birnäçe gezek ýoldan saklanypdy.

Hereket azatlygy raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara Konwensiýa tarapyndan kepillendirilýär we Türkmenistan bu konwensiýany baryp 1997-nji ýylda tassyk etdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanyň öz kanunçylygy hem raýatlaryň ýurtdan erkin çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklaryny kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG