Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň harby gämisiniň Gara deňze girmegine jogap berer


ABŞ-nyň "USS Porter" kysymly mina göteriji gämisi.
ABŞ-nyň "USS Porter" kysymly mina göteriji gämisi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Moskwanyň ABŞ-nyň harby gämisiniň Gara deňze girmegine jogap berjekdigini aýtdy, emma takyk bir çäräni agzamady.

ABŞ-nyň “USS Porter” kysymly mina göteriji gämisiniň 6-njy iýunda Gara deňze girendigini ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleri habar berdiler.

“Elbetde bu biz tarapyndan öňlanmaz we şübhesiz gaýtargy çärelerine eýe bolar” diýip Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmisi Andreý Kelin aýtdy.

Orsýetiň RIA agentliginiň 10-njy iýunda habar bermegine görä, Kelin ABŞ-nyň uçar göteriji gämilerini Ortaýer deňzinde ýerleşdirmegini hem güýç görkezmek hereketi diýip atlandyrdy we munuň Moskwanyň hem Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýaramazlaşmagyna getirip biljekdigini aýdy.

Kelin bu ädimleriň indiki aýda NATO-nyň Polşada geçiriljek sammitiniň öňüsyrasynda dartgynlylygy güýçlendirmeklige gönükdirilendigini belledi.

XS
SM
MD
LG