Sepleriň elýeterliligi

Kürt topary Stambuldaky partlama jogäpkärdigini aýtdy


Derňewçiler we ýangyn söndürijiler partlamanyň bolan ýerinde işleýärler, 7-nji iýun, Stambul, 7-nji iýun, 2016.

Derňewçiler we ýangyn söndürijiler partlamanyň bolan ýerinde işleýärler, 7-nji iýun, Stambul, 7-nji iýun, 2016.

Kürdüstanyň söweşiji topary Stambulda şu hepdede bolan heläkçilikli bomba partlamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Türkiýede gadagan edilen “Kürdüstanyň işçi partiýasynyň” bir bölegi bolan “Kürdüstanyň Azatlyk Gyrgylary” atly topar 7-nji iýunda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran we 11 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy.

Stambulyň merkezinde awtoulagda goýlan bomba irden köçede adam köp bolan wagtynda polisiýanyň awtobusynyň geçen wagtynda partladyldy. Bomba partlamasy Stambul uniwersitetiniň ýerleşýän ýerinde şäheriň esasy syýahatçylyk böleginde boldy.

XS
SM
MD
LG