Sepleriň elýeterliligi

Fransiýada “Euro 2016” başlandy


"Euro-2016" gatnaşýan komandalar

"Euro-2016" gatnaşýan komandalar

“Euro 2016” futbol ýaryşy 10-njy iýunda Parižde Fransiýanyň we Rumyniýanyň komandalarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlandy.

90 müň çemesi polisiýa işgäri, esger we hususy howpsuzlyk wekili 10 şäherde bir aýyň dowamynda geçiriljek ýaryşlaryň howpsuzlygyny üpjün ederler.

Fransiýada 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Parižde 130 adamyň ölümine sebäp bolan terrorçylykly hüjümlerden soň adatdan daşary ýagdaý saklanýar. “Euro 2016” ýaryşynyň birinji we jemleýji oýunlary Parižde geçiriler.

Howpsuzlyk bilen bagly aladalanmalardan daşary işçileriň protesti bilen bagly howplar hem bar. Sport ýaryşynyň dowamynda iş taşlaýşyň töwekgelçiligi saklanýar.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollande “ähli zerur çäreleriň” görülendigini aýtdy.

Fransiýa soňky gezek “Euro 2016” futbol ýaryşyny 1984-nji ýylda geçiripdi we ýeňiş gazanypdy.

XS
SM
MD
LG